Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň howandarlygynda, Pasteur Instituty we Türkmenistanyň döwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugynyň ýokary howply ýokanç keselleriniň öňüni alyş merkezi, Aşgabat şäher sanitariýa we epidemiologiýa gullugy 2020-nji ýylyň 5-nji awgustynda, çarşenbe güni, COVID-19 we Fransiýanyň saglyk pudagynda emele gelen krizise garşy görülýän çäreler barada wideoşekilli maslahat geçirildi.
Paster Institutynyň adatdan daşary ýagdaýlarda biologiki hassalyklara garşy göreş bölüminiň başlygynyň orunbasary jenap Kristof Bateža, Fransiýada we bütin dünýäde COVID-19 epidemiologiki ýagdaýynyň seljermesini hödürledi we Fransiýada saglyk krizisini ýeňip geçmek üçin görülýän çäreleriň usullaryny, şeýle hem bu ýagdaýda öwrenilen sapaklary beýan etdi.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralary bilen geçirilen maslahatda COVID-19 näsaglaryny anyklamak, dünýäniň beýleki ýurtlary we sebitleri bilen deňeşdirilende Fransiýada ýokanç hassalaryň waka sanynyň köpelmeginiň sebäpleri we Fransiýada ikinji tolkunyň ýüze çykmagynyň ähtimaly ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.