Iki taraplaýyn saparlar

  • Baş gazna müdirliginiň bölüm müdiri Hanym Godeniň Türkmenistana bolan missiýasy

    Ykdysady we maliýe ministrliginiň (Baş gazna müdirligi) we Daşary işleri we halkara ösüş ministrliginiň (kontinental Ýewropa müdirligi) wekillerinden düzülen delegasiýa 2016-njy ýylyň sentýabr aýynyň 28-30 aralygynda Fransiýa bilen Türkmenistanyň ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada geldi. Delegasiýa Baş gazna müdirliginiň Ikitaraplaýyn işler we Baş gazna müdirliginiň şeretlerini halkaralaşdyrma bölüminiň başlygy Hanym Sandrin Goden ýolbaşçylyk etdi. Ilçi we delegasiýa köp ministrliklerde we Türkmenistanyň edaralarynda, Türkmenistanyň telekeçiler we senagatçylar birleşiginiň başlygy tarapyndan kabul edildi. Olar Aşgabatda Halkara maliýe institutlarynyň wekilleri bilen, şeýle hem fransuz işewürleriniň agzalary bilen duşuşdylar.

    Dowamyny okamak

  • Senatyň delegasiýasynyň sapary

    Şu ýylyň 7-nji sentýabryndan 11 sentýabry aralykda Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň « Fransiýa-Merkezi Aziýa » dostluk toparynyň Başlygy jenap Iw Pozzo di Borgonyň ýolbaşçylygynda, Senator we öňki Ministr hanym Dominik Žilony, Elzas welaýatynyň sebit Maslahatynyň Başlgynyň Birinji orunbasary we Senatory jenap Aňdre Reşary, şeýle hem Senatyň Administratory jenap Mişel Laflaňdry öz içine alýan delegasiýa Türkmenistanda boldy.

    Dowamyny okamak

  • Onuň Alyhezreti Jenap Raşid MEREDOW Fransiýada resmi saparda

    Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary we Daşary işleri Ministri, Onuň Alyhezreti Jenap Raşid MEREDOW, Fransiýanyň Daşary işleri we halkara ösüş Ministri Jenap Loran FABÝUSYŇ çakylygy bilen, Fransiýada resmi saparda boldy.

    Dowamyny okamak

  • Onuň Alyhezreti Jenap Raşid MEREDOW MEDEF International-da

    Daşary işleri we halkara ösüş Ministri Jenap Loran FABÝUSYŇ çakylygy bilen, özüniň Fransiýa bolan saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Orunbasary we Daşary işleri Ministri, Onuň Alyhezreti Jenap Raşid MEREDOW, 2015-nji ýylyň 16-njy iýulynda, Jenap Iw TIBO de SILGINIŇ başlyklygyndaky MEDEF International-da Jenap Žil REMINIŇ gatnaşmagynda kabul edildi. Ol ýerde ol kyrka golaý fransuz kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy we olaryň öňünde Türkmenistan we onuň esasy ykdysady ugurlary baradaky prezentasiýasy bilen çykyş etdi. Jenap MEREDOWYŇ ýanynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçisi, Onuň Alyhezreti Jenap Çary NIÝAZOW hem boldy.

    Dowamyny okamak

  • Fransiýanyň Daşary işleri Ministri Jenap Loran Fabýusyň Türkmenistana sapary (2-nji mart 2013 ý.)

    Daşary işleri Ministri Jenap Loran Fabýus kärhana işewürlerinden düzülen delegasiýa bilen 2-nji martda Türkmenistanda, Fransiýanyň gatnaşyklaryny uly ykdysady potensiýaly berk bolan bu Merkezi Aziýa ýurdy bilen ýygjamlaşdyrmak maksady bilen, saparda boldy.

    Dowamyny okamak

  • Daşary söwda döwlet sekretary Jenap Pýer LELUŞYŇ Türkmenistana iş sapary (2012-nji ýylyň 5-6 marty)

    Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli Daşary söwda döwlet sekretary Jenap Pýer LELUŞ iki günlük iş sapary bilen, 2012-nji ýylyň 5-nji we 6-njy martynda, Aşgabada geldi. Onuň ýany bilen fransuz kärhanalaryndan düzülen delegasiýa hem geldi.

    Dowamyny okamak

  • Iki taraplaýyn saparlar

    1993-nji ýylyň 28-nji maýy : Daşary işler Ministri Aläň Žüppeniň Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Niýazow bilen duşuşygy.
    1994-nji ýylyň 28-nji apreli, Aşgabat : Türkmenistan Respublikasynyň Prezidenti, Jenap Saparmyrat (...)

    Dowamyny okamak

  • 1993-nji ýylyň maý aýynda duşuşyk

    1993-nji ýylyň 28-nji maýy : Daşary işler Ministri Aläň Žüppeniň Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Niýazow bilen duşuşygy.

    Dowamyny okamak

Sahypanyň ýokarysy