Mediateka

  • Fransuz dilinde afrikan edebiýaty

    Frankofoniýa baýramy mynasybetli biziň mediatekamyz size fransuz dilinde çap edilen afrikan edebiýatyny hödürleýär.

    Alžirden Rwanda çenli, Mali we Kot-d’Iwuar aralygyny öz içine alyp, dünýäde fransuz dilinde gürleýänleriň ýarysy Afrika kontinendinde ýaşaýar. 100 million ilatly Afrika kontinenti fransuz dilinde gürleýänleriň janly ojagy bolup durýar.

    Bu joşgunlylygy olaryň edebiýatynda görmek bolýar, sebäbi ençeme afrikan ýazyjylary öz eserlerininde ýaşaýan ýurtlarynyň aýratynlyklaryny fransuz diliniň üsti bilen beýan edýärler.

    Biziň kitaphanamyzda siz bu awtorlaryň käbirleriniň eserlerini okap bilersiňiz.

    Dowamyny okamak

  • Fransuz Institutynyň mediatekasynyň komiksleri

    Angulem komiksleriniň festiwaly.
    1974-nji ýylda döredilen bu festiwal her ýyl Angulem şäherinde, Şarant welaýatynda geçirilýär. Birnäçe baýraklar gowşurylýar, esasanam iň hormatly baýrak diýip “Fow dor” baýragy hasaplanýar.
    2018-nji ýylda 45-nji festiwalda Jeremi Moro özüniň “Grimr rowaýaty” atly albomy bilen ýeňiji boldy.
    Türkmenistandaky Fransuz Institutynyň kitaphanasynda aşakdaky komiksler bilen tanşyp bilersiňiz.

    Dowamyny okamak

  • 2018-nji ýyly 2017-nji ýylyň iň oňat kitaby bilen başlaň

    Her ýyl güýz aýlary geçirilýän in oňat edebi eserlere baýrak gowşurylyş dabarasy fransuz medeni durmuşynda sabyrsyzlyk bilen garaşylýan pursatlaryň biri. Olaryň içinde “Médicis”, “Renaudot”, “Fémina” we “Interallié” baýraklaryny sanap geçseň bolýa, esasanam “Goncourt” baýragy. 1903-nji ýylda döredilen bu baýrak fransuz dilinde ýazylan “iň oňat fantaziýa proza eserine” gowşurylýar.

    "Bu ýyl ol Erik Wýuarda “Gün tertibi” atly eseri üçin gowşuryldy

    Ikinji Jahan urşy barada ençeme eserler ýazyldy. Erik Wýuard öz kitabynda urşa sebäp bolan we XX asyryň iň pajygaly hadysasyna sebäp bolan birnäçe wakalary beýan edýär. 1968-nji ýylda Lionda dünýä inen bu ýazyjy köplenç taryhy wakalar barada ýazýar. Öňki eserlerinde ol kolonizasiýa (Kongo), fransuz rewolýusiýasy (14-nji iýul) ya-da Birinji Jahan urşy (Günbatar üçin söweş) temalaryny gozgapdy.

    Siz Türkmenistandaky Fransuz Institutynyň kitaphanasynda 2017-nji ýylda “Goncourt” baýragyna eýe bolan “Gün tertibi” atly kitaby okap bilersiňiz.

    Dowamyny okamak

  • Mediateka

    Fransuz Institutynyň mediatekasynda 4000 sany edebi eserlerden, 205 sany disklerden, 1000 sany dokumental we fantastika žanrly filmlerden hem-de 15 sany dürli fransuz žurnallaryndan peýdalanmak bolar. Şeýle-de (...)

    Dowamyny okamak

Sahypanyň ýokarysy