Medeni täzelikler

Her aýda Türkmenistandaky Fransuz Institutynda we onuň daşynda gurnalýan dürli çäreleri hödürleýär: kino kluby, stolyň üstündäki oýunlar, fransuzlar bilen tegelek stollar, şäheriň daşyna gezelençler, karaoke kružogy, žurnalistika, (...)
  • Sişenbe gününiň nobatdaky 6-njy myhmany

    Sişenbe güni, 2018-nji ýylyň 5-nji iýunynda sagat 18:30-da sişenbe gününiň 6-njy myhmany bilen tanyşdyryş duşuşygy geçiriler.
    Nil PITRA 2017-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Fransiýanyň Türkmenistandaky Institutynyň müdiri bolup işleýär. Onuň özi Pärižli, ýöne ol Fransiýanyň günortasynda ýerleşýän Ardeş departamenti barada gürrüň berer.

    Dowamyny okamak

  • Aşgabatda “Pariž asmanynyň astynda" atly konserti

    Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we Fransuz Instituty sizi 2018-nji ýylyň 26-njy maýynda boljak “Pariž asmanynyň astynda” atly konserte çagyrýar.

    Fransuz sazandalary Aleksis Kýunyň (akkardeon, wokal) we Samuel Makenyň (klarnet) gatnaşmagynda gurnalýan bu konsertiň programmasyna jazz, klassik sazlar (“Ýawanka”, “Gülgüli durmuş”, “Sen-Žanyň aşyklary”, “Monmartryň agysy”, “Pariž asmanynyň astynda”, “Landyş güllände”) we birnäçe rus aýdymlary (“Gara gözler”, Doktor Žiwagonyň ariýasy”) girer.

    Airbus, Bouygues we Turkish airlines hemaýatkärliginde gurnalýan bu konsert sagat 19.00-da Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda bolar.

    Dowamyny okamak

  • Fransuz Institutynda duşuşyk

    Türkmenistana birnäçe günlük syýahata gelen Benžamin Pitra öz lukmançylyk käri bolan psiholog-addiktolog we Fransiýanyň saglyk ulgamy barada gürrüň berer.

    Duşuşyk 14-nji maýda sagat 18.30-da Fransuz Institutynda fransuz dilinde geçer.

    Dowamyny okamak

  • Kann - Aşgabat, maý aýynyň kino festiwaly

    Her ýylyň maý aýynda meşhur halkara Kann festiwaly geçirilýär. Bu ýyl, 8-19-njy maý aralygynda, deňizýaka şäherinde Dünýä kino birleşmesiniň wajyp wakasyna öwrülen bu festiwalyň 71-nji tapgyry geçirilýär. Iki hepdäniň dowamynda, Kann we onuň kenary, Festiwallar köşgi, Paradlar münberi, Gyzyl halydan geçýän halkara ýyldyzlar we Palma şahasy baýragynyň gowşurylyş dabarasy bütin dünýäniň ünsüni özüne çeker.

    Maý aýynda, Aşgabat şäherinde hem Kino festiwaly gurnalýar. 11-13-nji maý aralygynda “Aşgabat” kinoteatrynda gurnaljak Ýewropa kinolarynyň günlerinde ýewropa ýurtlarynyň (Awstriýa, Şwesiýa, Estoniýa, Fransiýa... ) häzirkizaman kinolarynyň dürli žanrlary (dokumental film, multfilm, drama, komediýa) halka ýetiriler.

    Giriş tölegsiz we filmler ýewropa dillerinde rus subtitleri bilen görkeziler.

    Ýatlamalar

    Festiwal üçin hödür edilen fransuz filmi “Ýatlamalar”. Ol 2014-nji ýylda Žan-Pol Ruw tarapyndan ekrana çykaryldy. Ol Dawid Foenkinesiň ady bir eseriniň esasynda düşürilen.

    Ol 12-nji maýda şenbe güni sagat 19.00-da Aşgabat kinoteatrynda görkeziler. Giriş tölegsiz.

    Roman, 23 ýaşynda, ol ýazyjy bolmak isleýär, ýöne öz ýoluny tapmakda kynçylyk çekýär. Onuň kakasy Mişel, 62 ýaşynda, özi boýun almasada, onuň ýaňy-ýakynda hormatly dynç alyşa çykmagy onuň bütin durmuşyny özgerdyär. Onuň enesi Madelen 85 ýaşynda. Haçanda ol garrylar öýüne ýerleşdirilende, ol özünden bu garrylaryň arasynda näme işleýändigini soraýar. Bir gün ol ýitip gidýär....

    Film fransuz dilinde rus subtitleri bilen görkeziler.

    Dowamyny okamak

  • Sişenbe gününiň ilkinji myhmany - 1-nji maý

    Türkmenistandaky Fransuz Instituty sizi 1-nji maýda sagat 18.30-da Sişenbe agşamynyň duşuşygyna çagyrýar.

    Bu agşamyň myhmany Ýohan Martin-Kiari. Türkmenistanda ol ýurtdaky ilkinji TurkmenAlemi 52°E emeli hemrasy bilen işleýär.

    Ol bizi dogduk meni kenarýaka Alp regiony we Nisa şäheri bilen tanyşdyrar. Ol bize bu Ortaýer deňziniň kenarýaka şäheri, Kot d’Azuryň roman, italýan, fransuz merjeni bolan bu şäheriň taryhy we aýratynlyklary barada gürrüň berer.

    Dowamyny okamak

  • Ibantuta bilen aýdym-sazly duşuşyk

    Saz Iban Perretiň çagalykdan ýoldaşy. Ol ilki pianino we gitara çalýardy, ýöne Birleşen Arap Emiratlygynda we Bahreinde “Ud” atly saz guralyna sataşdy.

    Ibantuta lakamyny özüne alyp, Iban Perre dünýä syýahatyny dowam edýär we gadymdam gelýän kirişli saz gurallaryny çalýan sazandalar bilen duşuşýar. Onuň soňky syýahaty ony Beýik Ýüpek ýoluna getirdi.

    Festiwala gatnaşmak üçin Türkmenistana birnäçe günlük gelen sazanda Fransuz Institutynda geçiriljek duşuşyga geler.

    Siz bu pursaty gaçyrmaň we 13-nji aprelda sagat 18.30 geçiriljek duşuşyga gatnaşyň.

    Dowamyny okamak

  • Frankofoniýa 2018 bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

    Frankofoniýa baýramçylygy mynasybetli, Türkmenistandaky Fransuz Instituty fransuz dilinde gürleýän Türkmenistanly ýaşlaryň arasynda birnäçe konkurslary geçirdi.
    Bu ýyl bäsleşikler 350-ýyllygy bellenýän “La Fonteniň basnýalaryna” bagyşlandy.
    “Garga we tilki”, “Towşan we pyşdyl”, “Teneçir we garynja”, fransuz dilini öwrenýänleriň her biri şu basnýalaryň iň bolmanda birini okandyr ýa-da öwrenendir.
    Teatr bäsleşigine gatnaşýanlar La Fonteniň bir basnýasyny sahnalaşdyrmaly.
    “Döredijilik” bäsleşigine gatnaşýanlar La Fonteniň stilinden ugur alyp döwrebap basnýa düzmeli.
    Şeýle hem, iň kiçiler üçin gurnalan surat bäsleşigine gatnaşýanlar bir basnýadan şekilleri surata geçirmeli.
    Finalistleri goldamak we olaryň çykyşlary bilen tanyşmak üçin 31-nji martda sagat 17:00-da Watan kinoteatryna gelip bilersiňiz. Bu baýramçylyk agşamy Ermenistanyň, Rumyniýanyň we Fransiýasiýanyň ilçihanalarynyň we Fransuz dilinde gürleýän ýurtlaryň Halkara guramasynyň hemaýatkärliginde geçirilýär.
    Agşamyň aýdym-sazly programmasy ýeňijilere baýrak gowşurmak dabarasy bilen jemlener. Baş baýrak - Total kompaniýanyň hemaýatkärliginde Fransiýa dil we medeni syýahat.

    Dowamyny okamak

  • Sişenbe gününiň myhmany - 20-nji mart

    Mart aýynda Frankofoniýa baýramynyň çäginde biz ýörite siziň üçin ikinji sapar Sişenbe gününiň myhmanyny çagyrýarys. Duşuşyk 20-nji martda sagat 18.30-da.

    Raşid Mesbah Marokkaly frankofon. Ol Türkmenistanda eýýäm 7 üyl bäri ýaşaýar we Oguzkent otelinde ýerine ýetiriji direktor bolup işleýär. Ol biz Marokko we Fese şäheri barada gürrüň berer.

    Siz bu ýurduň bay medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşmak isleýärsiňizmi? “Tajin” we “kuskusyň” nähili tapawudynyň bardygyny bilýärsiňizmi? Ýa-da “fantazia” we “amazige” sözleriniň name many aňladýanyny bilýärsiňizmi? 20-nji martda duşuşyga gatnaşyň we Raşid Mesbah bilen gürrüňdeş boluň.

    Dowamyny okamak

  • Sişenbe gününiň myhmany - 6-njy mart

    Türkmenistandaky Fransuz Instituty sizi 6-njy martda sagat 18.30-de sişenbe gününiň duşuşygyna çagyrýar.

    Bu Sişenbäniň myhmany Rodolf Arlandis. Ol Türkmenistanda 4 ýyl bäri işleýär. Ol ilki Fransiýanyň konsuly bolup işledi, soňra Ilçiniň orunbasary wezipesine bellendi. Ol Fransiýada wagty Basklaryň ýurdunda ýaşaýar.

    Ol bizi bu ajaýyp region bilen, onuň diýseň baý we üýtgeşik medeniýeti bilen tanyşdyrar.
    Siz Baýonne baýramçylygy bilen tanyşmak isleýärsiňizmi? Bask diliniň syrlaryny açmak ýa-da bask tagamlary bilen tanyşmak isleýärsiňizmi? Onda, Rodolf Arlandis bilen duşuşyga geliň!

    Giriş tölegsiz. Duşuşyk fransuz dilinde geçer.

    Dowamyny okamak

  • Sişenbe gününiň ilkinji myhmany

    Fewral aýynyň ilkinji sişenbe güni, Türkmenistandaky Fransuz Instituty Fransuz ýa-da fransuz dilinde gürleýän myhman bilen duşuşyk geçirýär.

    Fransuz Institutyň kollektiwi sizi 6-njy martda geçiriljek ilkinji duşuşyga çagyrýar.

    Biziň ilkinji myhmanymyz Aleksandr Faru. Asly Awinýonly bu fransuz myhman Winçi kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekili we ol 2012-nji ýylda bu ýurda Ministrler Kabinetiniň we Prezidentiň köşgüniň seýilgähiniň gurluşygyna gatnaşmak üçin gelipdi.

    Aleksandr Faru biz bilen öz iş tejribesini, Türkmenistan we teatr festiwaly bilen tanymal bolan Awinýon şäheri baradaky pikirlerini paýlaşar.

    Myhmanymyz bile söhbetdeş bolmaga we oňa sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyzy bermäge çagyrýarys. Duşuşyk fransuz dilinde geçer.

    Dowamyny okamak

Sahypanyň ýokarysy