Spektakllar/ Sergiler

  • Türkmenistandaky Fransuz Institutynda "Ahalteke we Fransiýa" atly serginiň açylyş dabarasy we konferensiýa.

    21-nji aprelda sagat 15:00-da Türkmenistandaky Fransuz Institutynda "Ahalteke we Fransiýa" atly serginiñ açylyş dabarasy bolar.

    Sergi 21-nji apreldan 12-nji maýa çenli dowam eder.

    Partnýorlarymyz tarapyndan gurnalýan furşediñ dowamynda, myhmanlar üç sany sergiler zalynda türkmen suratkeşleriniñ bedewe bagyşlanan eserlerini synlap bilerler.

    Birinji sergiler zaly atlaryñ morfologiýasyna we Ahalteke atlarynyñ jynsyna bagyşlanar.

    Ikinji sergiler zalynda myhmanlara Ahalteke atlarynyñ taryhy barada we onuñ Türkmenistanyñ taryhynda tutýan orny barada sungatyñ üsti bilen gürrüñ beriler.

    Üçünji sergiler zalynda bedewlerden ruhlanyp döredilen atlar temasyna bagyşlanan eserler görkeziler.

    Serginiñ çäklerinde, 21-nji aprelda sagat 16.30-da Fransiýanyñ Ahalteke birleşmesiniñ Prezidenti, Ahalteke atlarynyñ seýisi Madam Eluaz Girardiniñ gatnaşmagynda konferensiýa gurnalar. Konferensiýa fransuz dilinde geçer.

    Dowamyny okamak

  • “Türkmenistan düýn we şu gün” atly sergisiniň açylyş dabarasy « Fransuzlar Türkmenistanda XIX asyrda: hakyky we hyýaly başdan geçirmeler» atly konferensiýa

    Türkmenistandaky Fransuz Instituty sizi 24-nji fewraldan 7-nji marta çenli gurnaljak “Türkmenistan düýn we şu gün” atly sergisine çagyrýar.

    2018-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Fransuz Institutynda “Türkmenistan düýn we şu gün” atly sergisiniň açylyş dabarasy boldy.

    Serginiň dowamynda partnýorymyz “Tartin” restorany tarapyndan gurnalan furşet dostlukly ýagdaýda geçdi we myhmanlar 1890-njy ýylda fransuz fotografy Pol Nadar tarapyndan we häzirkizaman türkmen fotografy Muhammet Amanmamedow tarapyndan düşürilen suratlar bilen tanyş boldular.

    Tanymal fotograf Feliks Nadaryň oglunyň ak-gara suratlary XIX asyryň ahyryndaky Türkmenistan bilen tanyşdyrýar. Türkmen fotografy Muhammet Amanmamedowyň suratlarynda Türkmenistanyň diýseň täsin tebigatyny görüp bolýar.

    Sergi 17-nji marta dowam edýär.

    3-nji martda sagat 15.00-da, serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň uly ylmy işgäri Juma Orazgylyjowyň gatnaşmagynda konferensiýa gurnalar. « Fransuzlar Türkmenistanda XIX asyrda: hakyky we hyýaly başdan geçirmeler» ady bilen geçirilýän bu konferensiýa fransuz dilinde bolar we terjime edilmez.

    Dowamyny okamak

  • Witaliý Çaryýewiň Türkmenistanyň fransuz institutyndady sergisiniň açylyş dabarasy

    14-nji oktýabrda Türkmenistanyň fransuz institutynda « türkmen suratkeşi Witaliý Çaryýewiň Pariž we Lotaringiýanyň arasynda – syýahat suratlary » atly, suratkeşiň gatnaşmagynda, serginiň açylyş dabarasy boldy.
    Galamda, tuşd a ýa-da sanginada çekilen bu suratlar dünýäde belli Wersal, Notr-Dam ybadathanasy, Eýfel başnýasy ýaly fransuz ýadygärliklerini, şeýle hem Mes ybadathanasy ýa-da gurban bolanlaryň Möz ýadygärligi ýaly has tanalmaýan ýerleri, şäher we oba gündelik peýzažlaryny hem görkezýär.
    Institutyň howlusy çäräniň şanyna Fransiýanyň reňkleri bilen bezelip, dostlukly ýagdaýda, ýüzlerçe adamlar çakylygy kabul edip, sergide goýulan suratlary görüp bildiler.
    Görmäge gelen adamlar suratkeşiň geçen, Pariž welaýatyndan (sergi zaly) Fransiýanyň gündogaryna (terras) syýahat ýoluny, iki aýratyn ýerde goýulan suratlary görüp, gaýtaladylar.
    Sergini görenlerinden soňra, adamlar, fransuz sazynyň ýaňlanmagynda, şampandan we biziň La Tartine partnýorymyzyň hödür kereminden dadyp, özlerinde galan täsirler barada pikir alyşdylar. Sergini görmäge entek mümkinçiligi bolmadyklar üçin, sergi Türkmenistanyň fransuz institutynda 28-nji oktýabra çenli, duşenbeden şenbe aralykda, sagat 09:00-dan 19:00 aralykda açykdyr.

    Dowamyny okamak

  • Türkmen suratkeşi Pariž we Lotaringiň arasynda - syýahat suratlary

    2017-nji ýylyň tomusynda, türkmen suratkeşi Witaliý Çaryýew Fransiýa birinji gezek, Parižden Lotaringiýa, ýurduň gündogaryna gitdi.
    Ol aňyrdan galamda, ruçkada, akwarelde ýa-da sangwinada çekilen birnäçe suratlary, esasanam, erkin el bilen çekilenleri getirdi. Bu suratlarda suratkeşiň has tanalmaýan ýerlere (Mes ybadathanasy, Möz obasy), belli ýadygärliklere, Fransiýanyň simwollaryna (Notr-Dam ybadathanasy, Eýfel başnýasy, Wersal) bolan hususy garaýşyny görüp bolýar.
    Türkmenistanyň fransuz instituty 2017-nji ýylyň 14-nji we 28-nji oktýabr aralygynda bu syýahat suratlarynyň sergisini geçirýär.
    Fransuz instituty sizi sergä çagyrýanyna şatdyr. Serginiň açylyşy 14-nji oktýabrda sagat 15 :00-da suratkeşiň gatnaşmagynda açylyp, soňra kokteýl bilen dowam eder.

    Dowamyny okamak

Sahypanyň ýokarysy