Täzelikler

  • Fransuz Institutynda duşuşyk

    Türkmenistana birnäçe günlük syýahata gelen Benžamin Pitra öz lukmançylyk käri bolan psiholog-addiktolog we Fransiýanyň saglyk ulgamy barada gürrüň berer.

    Duşuşyk 14-nji maýda sagat 18.30-da Fransuz Institutynda fransuz dilinde geçer.

    Dowamyny okamak

  • Kann - Aşgabat, maý aýynyň kino festiwaly

    Her ýylyň maý aýynda meşhur halkara Kann festiwaly geçirilýär. Bu ýyl, 8-19-njy maý aralygynda, deňizýaka şäherinde Dünýä kino birleşmesiniň wajyp wakasyna öwrülen bu festiwalyň 71-nji tapgyry geçirilýär. Iki hepdäniň dowamynda, Kann we onuň kenary, Festiwallar köşgi, Paradlar münberi, Gyzyl halydan geçýän halkara ýyldyzlar we Palma şahasy baýragynyň gowşurylyş dabarasy bütin dünýäniň ünsüni özüne çeker.

    Maý aýynda, Aşgabat şäherinde hem Kino festiwaly gurnalýar. 11-13-nji maý aralygynda “Aşgabat” kinoteatrynda gurnaljak Ýewropa kinolarynyň günlerinde ýewropa ýurtlarynyň (Awstriýa, Şwesiýa, Estoniýa, Fransiýa... ) häzirkizaman kinolarynyň dürli žanrlary (dokumental film, multfilm, drama, komediýa) halka ýetiriler.

    Giriş tölegsiz we filmler ýewropa dillerinde rus subtitleri bilen görkeziler.

    Ýatlamalar

    Festiwal üçin hödür edilen fransuz filmi “Ýatlamalar”. Ol 2014-nji ýylda Žan-Pol Ruw tarapyndan ekrana çykaryldy. Ol Dawid Foenkinesiň ady bir eseriniň esasynda düşürilen.

    Ol 12-nji maýda şenbe güni sagat 19.00-da Aşgabat kinoteatrynda görkeziler. Giriş tölegsiz.

    Roman, 23 ýaşynda, ol ýazyjy bolmak isleýär, ýöne öz ýoluny tapmakda kynçylyk çekýär. Onuň kakasy Mişel, 62 ýaşynda, özi boýun almasada, onuň ýaňy-ýakynda hormatly dynç alyşa çykmagy onuň bütin durmuşyny özgerdyär. Onuň enesi Madelen 85 ýaşynda. Haçanda ol garrylar öýüne ýerleşdirilende, ol özünden bu garrylaryň arasynda näme işleýändigini soraýar. Bir gün ol ýitip gidýär....

    Film fransuz dilinde rus subtitleri bilen görkeziler.

    Dowamyny okamak

  • Sişenbe gününiň ilkinji myhmany - 1-nji maý

    Türkmenistandaky Fransuz Instituty sizi 1-nji maýda sagat 18.30-da Sişenbe agşamynyň duşuşygyna çagyrýar.

    Bu agşamyň myhmany Ýohan Martin-Kiari. Türkmenistanda ol ýurtdaky ilkinji TurkmenAlemi 52°E emeli hemrasy bilen işleýär.

    Ol bizi dogduk meni kenarýaka Alp regiony we Nisa şäheri bilen tanyşdyrar. Ol bize bu Ortaýer deňziniň kenarýaka şäheri, Kot d’Azuryň roman, italýan, fransuz merjeni bolan bu şäheriň taryhy we aýratynlyklary barada gürrüň berer.

    Dowamyny okamak

  • Türkmenistandaky Fransuz Institutynda "Ahalteke we Fransiýa" atly serginiň açylyş dabarasy we konferensiýa.

    21-nji aprelda sagat 15:00-da Türkmenistandaky Fransuz Institutynda "Ahalteke we Fransiýa" atly serginiñ açylyş dabarasy bolar.

    Sergi 21-nji apreldan 12-nji maýa çenli dowam eder.

    Partnýorlarymyz tarapyndan gurnalýan furşediñ dowamynda, myhmanlar üç sany sergiler zalynda türkmen suratkeşleriniñ bedewe bagyşlanan eserlerini synlap bilerler.

    Birinji sergiler zaly atlaryñ morfologiýasyna we Ahalteke atlarynyñ jynsyna bagyşlanar.

    Ikinji sergiler zalynda myhmanlara Ahalteke atlarynyñ taryhy barada we onuñ Türkmenistanyñ taryhynda tutýan orny barada sungatyñ üsti bilen gürrüñ beriler.

    Üçünji sergiler zalynda bedewlerden ruhlanyp döredilen atlar temasyna bagyşlanan eserler görkeziler.

    Serginiñ çäklerinde, 21-nji aprelda sagat 16.30-da Fransiýanyñ Ahalteke birleşmesiniñ Prezidenti, Ahalteke atlarynyñ seýisi Madam Eluaz Girardiniñ gatnaşmagynda konferensiýa gurnalar. Konferensiýa fransuz dilinde geçer.

    Dowamyny okamak

  • Ibantuta bilen aýdym-sazly duşuşyk

    Saz Iban Perretiň çagalykdan ýoldaşy. Ol ilki pianino we gitara çalýardy, ýöne Birleşen Arap Emiratlygynda we Bahreinde “Ud” atly saz guralyna sataşdy.

    Ibantuta lakamyny özüne alyp, Iban Perre dünýä syýahatyny dowam edýär we gadymdam gelýän kirişli saz gurallaryny çalýan sazandalar bilen duşuşýar. Onuň soňky syýahaty ony Beýik Ýüpek ýoluna getirdi.

    Festiwala gatnaşmak üçin Türkmenistana birnäçe günlük gelen sazanda Fransuz Institutynda geçiriljek duşuşyga geler.

    Siz bu pursaty gaçyrmaň we 13-nji aprelda sagat 18.30 geçiriljek duşuşyga gatnaşyň.

    Dowamyny okamak

  • Frankofoniýa 2018 bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

    Frankofoniýa baýramçylygy mynasybetli, Türkmenistandaky Fransuz Instituty fransuz dilinde gürleýän Türkmenistanly ýaşlaryň arasynda birnäçe konkurslary geçirdi.
    Bu ýyl bäsleşikler 350-ýyllygy bellenýän “La Fonteniň basnýalaryna” bagyşlandy.
    “Garga we tilki”, “Towşan we pyşdyl”, “Teneçir we garynja”, fransuz dilini öwrenýänleriň her biri şu basnýalaryň iň bolmanda birini okandyr ýa-da öwrenendir.
    Teatr bäsleşigine gatnaşýanlar La Fonteniň bir basnýasyny sahnalaşdyrmaly.
    “Döredijilik” bäsleşigine gatnaşýanlar La Fonteniň stilinden ugur alyp döwrebap basnýa düzmeli.
    Şeýle hem, iň kiçiler üçin gurnalan surat bäsleşigine gatnaşýanlar bir basnýadan şekilleri surata geçirmeli.
    Finalistleri goldamak we olaryň çykyşlary bilen tanyşmak üçin 31-nji martda sagat 17:00-da Watan kinoteatryna gelip bilersiňiz. Bu baýramçylyk agşamy Ermenistanyň, Rumyniýanyň we Fransiýasiýanyň ilçihanalarynyň we Fransuz dilinde gürleýän ýurtlaryň Halkara guramasynyň hemaýatkärliginde geçirilýär.
    Agşamyň aýdym-sazly programmasy ýeňijilere baýrak gowşurmak dabarasy bilen jemlener. Baş baýrak - Total kompaniýanyň hemaýatkärliginde Fransiýa dil we medeni syýahat.

    Dowamyny okamak

  • Fransuz Institutynda grammatika kružogy

    Eger-de siz grammatikada kynçylyk çekýän bolsaňyz ýa-da ony gaýtalamak we täze bir zatlar öwrenmek isleýän bolsaňyz bu kružok siziň üçin.

    Her Anna güni sagat 18.30-den 20.00 çenli, Türkmenistanyň Fransuz Institutynda halypa mugallym Leýla Mukaşewna grammatika kružogyny alyp barýar. Her sapak üçin ýörite grammatiki tema saýlanar. Ilkinji sapak 16-njy fewralda sagat 18.30 “çalyşmalar we onuň görnüşleri” ady bilen geçdi.

    Ýakynda siziň üçin fransuz grammatikasynyň yekeje syry hem galmaz.

    Bu kružoga giriş tölegsiz.
    (Kursa gatmaýanlar Fransuz Institutyň mediatekasyna ýazylmaly)

    Dowamyny okamak

  • Gürrüňdeşlik agşamy

    Siz fransuz dilinde erkin gürlemek isleýärsiňizmi? Siz alan bilimiňizi tejribe arkaly ösdürmek isleýärsiňizmi? Siz fransuz mugallymlary bilen gürleşmek we pikir alyşmak isleýärsiňizmi?

    Onda, biziň gürrüňdeşlik agşamymyza gatnaşmaga geliň

    Hepdäniň penşenbe güni sagat 18.30-19.30 aralygynda Türkmenistandaky Fransuz Instituty sizi gürrüňdeşlik sapaklaryna çagyrýar.

    Bu gürrüňdeşlik agşamlaryny Ann we Silwi alyp bararlar.

    Ilkinji gürrüňdeşlik agşamy 30-njy noýabrda sagat 18.30-da başlaýar.!

    giriş tölegsiz
    (Institutyň talyplary we mediatekamyzyň agzalary üçin)

    Dowamyny okamak

Sahypanyň ýokarysy