Ykdysady diplomatiýa

  • « Diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygyny, ykdysady gatnaşyklaryň 25 ýyllygyny » bellemek üçin 2017-nji ýylyň 3-nji martynda Aşgabatda FTSP-yň sergisi

    3-nji martda anna güni irden Ilçi Fransiýa - Türkmenistan Söwda palatasynyň gurnan, « syýasy gatnaşyklaryň 25 ýyllygy, ykdysady gatnaşyklaryň 25 ýyllygy » temasy boýunça gurnan sergisiniň açylyş dabarasynda gatnaşdy. Türkmenistanyň söwda-senagat palatasynyň binasynda görkezilýän, 10-njy marta çenli açyk bolan sergi fransuz kompaniýalarynyň Türkmenistanda onuň Garaşsyzlygyndan soň bitiren işlerine bagyşlanýar. 1992-nji ýylyň 6-njy martynda franko-türkmen diplomatik gatnaşyklary ýola goýuldy.

    Dowamyny okamak

  • Claas grupbasynyň fransuz filiýalyna Ilçiniň sapary, Vélizy, 2017-nji ýylyň 8-nji fewraly

    2003-nji ýylda Renault Agricultury satyn alan oba hojalyk tehnikasy boýunça Claas nemes kompaniýasynyň Vélizy fransuz filiýalyna 8-nji fewralda Ilçi bardy. Öňki Renault traktor we häzirki Mans de Claas zawody Türkmenistana eýýäm birnäçe ýuzlerçe traktorlary getirdi.

    Dowamyny okamak

  • Fransiýa - Türkmenistan Söwda palatasynyň agzalary bilen Ilçiniň duşuşygy, Pariž, 2017-nji ýylyň 7-nji fewraly

    Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary Ilçileriniň her ýyldaky geçirilýän sebit ýygnagyna gatnaşmak üçin Parižde bolanynda, sişenbe güni 2017-nji ýylyň 7-nji fewralynda Fransiýa - Türkmenistan Söwda palatasynda Ilçi kabul edildi. Bu duşuşyk Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryň jemini jemlemäge we 2017-nji ýyldaky ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň perspektiwalaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.

    Dowamyny okamak

  • MEDEF-International-yň Fransiýa-Türkmenistan kärhanalar başlyklarynyň Maslahatynda Ilçiniň audiýensiýasy (2016-njy ýylyň 16-njy noýabry)

    Jenap Oliwýe-Mari Rasiniň (Bouygues Construction international) başlyklyk etmegindäki MEDEF-International-yň Fransiýa-Türkmenistan kärhanalar başlyklarynyň Maslahaty penşenbe güni 16-njy noýabrda Ilçini kabul etdi. Ilçi Türkmenistanyň täzelikleri we iki taraplaýyn gatnaşyklar barada tanyşdyrdy, soňra Maslahatyň agzalary bilen özara pikir alyşdy. Soňra ol Türkmenistanda eýýäm işleýän ýa-da işlemek isleýän fransuz kärhanalarynyň wekilleri bilen onlarça iki taraply duşuşyklar geçirdi. Baş gazna müdirliginiň ofisiniň Başlygy Jenap Žülýen Büsar Ikitaraplaýyn işler we kärhanalary halkaralaşdyrma bölüminiň Başlygy Hanym Sandrin Godeniň sentýabr aýynyň soňundaky missiýasynyň netijeleri barada Maslahatyň agzalaryna öz nobatynda hasabat berdi.

    Dowamyny okamak

  • Ilçiniň SPFT tarapyndan kabul edilmegi

    2016-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda, anna güni, Parižde Söwda palatasynyň Fransiýa – Türkmenistan adaty umumy ýygnagyna Ilçi myhman hökmünde gatnaşdy. Iki taraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýy we olaryň gelejegi barada peýdaly ara alyp maslahatlaşmalara mümkinçilik beren bu duşuşyga Daşary işleri we halkara ösüş ministrliginiň Kawkaz we Merkezi aziýa bölüminiň direktorynyň täze orunbasary Jenap Nikola Buýýan de Lakost we Baş gazna müdirliginiň sebit boýunça täze ýolbaşçysy Hanym Lüsi Minýer gatnaşdy.

    Dowamyny okamak

  • Ykdysady diplomatiýa: aýna we aýna önümlerini öndürýän kärhana

    FIVES STEIN fransuz kompaniýasy Türkmenistanda aýna we aýna önümlerini öndürýän kärhanany gurmagyň çäklerinde hyzmatdaşlyga başlady (ser. Turkmenistan National Glass Complex). 2012-nji ýylda ýola goýulan hut şu hyzmatdaşlygyň netijesinde, Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň talaplaryny kanagatlandyryp bilýän proýekt işlenip düzüldi we görkezildi.

    Häzirki wagtda FIVES STEIN kompaniýasynyň 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda tamamlanmaly proýektiň durmuşa geçirilmegine gysga möhletlerde girişmägä mümkinçiligi bardyr.

    Bu proýektiň Türkmenistan üçin uly ykdysady ähmiýeti bolar we oňa belli bir senagat pudagynda öz üpjünçiligini gazanmaga mümkinçilik berer. Iş ýerlerini döretmek bilen, aýna zawodynyň gurulmagynyň peýdaly sosial täsiri hem bolar. Galyberse-de, FIVES STEIN kompaniýasy senagat önüminiň öndürilmegine ýardam etjek okatma we geljekde Türkmenistan üçin bähbitli tejribäni goýma işlerini amala aşyrar.

    Özüniň tehnologik mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, FIVES STEIN kompaniýasy iň ýokary hil standartlary bilen üpjün etmäge ukyplydyr.

    FIVES STEIN kompaniýasynyň gatnaşmak isleýän aýna we aýna önümlerini öndürýän kärhanany gurmak proýekti fransuz häkimiýetleri tarapyndan doly goldanýar. Türkmenistandaky Fransiýanyň Ilçisi FIVES STEIN kompaniýasynyň wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Senagat ministri bilen duşuşdy (ser. goşulan surat).

    Dowamyny okamak

  • Ykdysady diplomatiýa / Älem : TürkmenÄlem 52° E

    Ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasy « Türkmen Älem 52° E » Kannada (Fransiýa) Thales Alenia Space kompaniýasy tarapyndan guruldy we 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde 4 sagat 03 minutda (Türkmenistan wagty bilen) üstünlikli älem giňişligine çykaryldy.

    Hemrany orbita çykarma boýunça tamamlaýjy işler netijeli alynyp barylýar. Maý aýynyň 6-syndan 7-ne geçilýän gije hemra Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän Dolandyryş merkeziniň dolandyrmagyna berildi. Hemra özüniň tamamlaýjy pozisiýasyna, gündogar uzaklygynyň 52° gradusuna, barar. Soňra, gutarnykly işe girizmeden öň, orbitada testler geçiriler.

    Ahli fazalary entek tamamlanmadyk bu uçuş, Türkmenistan bilen iň täze tehnologiýalar pudagynda hyzmatdaşlyk etmekde örän gowy perspektiwalary açýar.

    Dowamyny okamak

  • Ykdysady diplomatiýa / Gurluşyk pudagy

    2015-nji ýylyň 8-nji aprelinde Jenap Ilçi Patrik PASKAL, gurluşyk pudagyna bagyşlanýan serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

    JPEG

    Buig Türkmen kompaniýasynyň stendiniň ýanynda, ol aşakdaky wezipeli adamlar bilen duşuşdy ::

    - Jenap Şamuhammet DURDYLYÝEW, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy;
    - Jenap Myrat Rejepowiç ARTYKOW, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, (gurluşyk, energetika we kommunal hojalygy);
    - Jenap Pälwan Gylyçdurdyýewiç TAGANOW, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, (söwda we birža işleri, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler Birleşigi işleri);

    Dowamyny okamak

  • Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Ykdysady maslahatyň ýygnagyny geçirdi.

    Şu ýylyň 2-nji aprelinde Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Jenap Patrik PASKAL Regional ykdysady gullugyň başlygy Jenap Erwe Sarneliniň, GDA boýunça Maliýe geňeşçi Jenap Boris Kisilewskiniň we Merkezi Aziýa boýunça Ykdysady geňeşçi Florian Kraftyň gatnaşmagynda Ykdysady maslahatyň ýygnagyny geçirdi.

    Dowamyny okamak

  • Ykdysady diplomatiýa: Türkmenistanyň prezentasiýasy, duşenbe 2015-nji ýylyň 2-nji marty

    2015-nji ýylyň 2-nji martynda Jenap Patrik Paskal, Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi fransuz kompaniýalary bilen MEDEF-de ýygnaga gatnaşar.
    MEDEF Internationalyň Baş direktorynyň orunbasary, Jenap Filip GOTÝEniň ýolbaşçylygynda geçýän bu ykdysady duşuşyk fransuz kompaniýalary üçin Türkmenistanda söwda we senagat mümkinçilikleri tanyşdyrmaga mümkinçilik berer.
    Gyzyklanýan kompaniýalar habarlaşyp bilerler MEDEF

    Dowamyny okamak

Sahypanyň ýokarysy