2016-njy ýylyň 3-nji dekabryndaky Aşgabatda Maksim Zekininiň fortepiano konserti [fr] [ru]

2016-njy ýylyň 3-nji dekabrynda şenbe güni Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçyhanasy we Türkmenistanyň Fransuz instituty, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Total energiýa kompaniýasynyň mesenatlyk etmeginde, Aşgabatda fortepiano konsertini gurnadylar.

Doly zalyň we ruhybelent publikanyň öňünde Parižiň we Lyonyň konserwatoriýalarynda diplom alan, kop sanly halkara baýraklaryň eýesi Maksim Zekini ýiti zehini bilen çalyp, fransuz eserlerinden bolan meýletin eklektik programmasy bilen, Şopen we Masneden başlap, Pýer Sankan we Mişel Legrana çenli eserler bilen çykyş edip, diňleýjileri özüne maýyl etdi.

Onuň konserti duet bilen, fortepiano/aýdym, türkmen tenory Nury Nuryýewiň ýerine ýetirmeginde türkmen halk aýdymyndan bir bölek we Žül Masneniň « Werther » aýdymyndan bir parça bilen simwolik ýagdaýda tamamlandy.

JPEG
JPEG
JPEG
JPEG
JPEG

Çap edilen 20/02/2017

Sahypanyň ýokarysy