2018-nji ýyly 2017-nji ýylyň iň oňat kitaby bilen başlaň [fr] [ru]

Her ýyl güýz aýlary geçirilýän in oňat edebi eserlere baýrak gowşurylyş dabarasy fransuz medeni durmuşynda sabyrsyzlyk bilen garaşylýan pursatlaryň biri. Olaryň içinde “Médicis”, “Renaudot”, “Fémina” we “Interallié” baýraklaryny sanap geçseň bolýa, esasanam “Goncourt” baýragy. 1903-nji ýylda döredilen bu baýrak fransuz dilinde ýazylan “iň oňat fantaziýa proza eserine” gowşurylýar.

"Bu ýyl ol Erik Wýuarda “Gün tertibi” atly eseri üçin gowşuryldy

Ikinji Jahan urşy barada ençeme eserler ýazyldy. Erik Wýuard öz kitabynda urşa sebäp bolan we XX asyryň iň pajygaly hadysasyna sebäp bolan birnäçe wakalary beýan edýär. 1968-nji ýylda Lionda dünýä inen bu ýazyjy köplenç taryhy wakalar barada ýazýar. Öňki eserlerinde ol kolonizasiýa (Kongo), fransuz rewolýusiýasy (14-nji iýul) ya-da Birinji Jahan urşy (Günbatar üçin söweş) temalaryny gozgapdy.

Siz Türkmenistandaky Fransuz Institutynyň kitaphanasynda 2017-nji ýylda “Goncourt” baýragyna eýe bolan “Gün tertibi” atly kitaby okap bilersiňiz.

JPEG

"Goncourt" baýragynyň laureatlary

“Goncourt” baýragynyň beýleki laureat eserleriniň birnäçesini biziň kitaphanamyzda tapyp bilersiňiz.

Meselem, «Syngué Sabour» (Sabyrlylyk daşy), awtory Atiq Rahimi (Atik Rahimi) (2008); «Trois jours chez ma mère » (Ejemiň öýünde üç gün ), awtory François Weyergans (Fransua Weýergans) (2005); «Texaco » (Teksako), awtory Patrick Chamoiseau (Patrik Şamuazo); «des Noces Barbares» (Wagşy toýlary), awtory Yann Quéffelec (Ýan Keffelek) (1985), «des boutiques obscure» (Garaňky köçeler) Patrick Modiano (Patrik Modiano) (1970); klassik esere öwrülen «L’amant de Marguerite Duras» (Margarit Dýuranyň söýgülisi) (1984), «Le Roi des Aulnes» (Tokaý patyşasy) Michel Tournier (Mişel Turnýe) (1970) и «Les Racines du ciel» (Asmanyň kökleri) Romain Gary (Romen Gari) (1956).

Bu eserler bilen siz biziň Institutymyzyň kitaphanasynda ýakyndan tanşyp bilersiňiz.

Çap edilen 07/03/2018

Sahypanyň ýokarysy