2018-nji ýylyň iýul aýynyň 14-ne Aşgabatda Fransiýanyň milli baýramynyň bellenilmegi [fr] [ru]

Fransiýanyň Ilçihanasy şenbe güni, 2018-nji ýylyň iýul aýynyň 14-ine «Ýyldyz» myhmanhanasynda Fransiýa respublikasynyň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk çäräni gurnady we oňa 350-den gowrak myhman gatnaşdy.

Döwlet senalary opera aýdymçy Nury Nuryýew tarapyndan ýerine ýetirilenden soň, we ilçi Fransua DELAUS hem-de türkmen hökümeti tarapyndan wekil bolup gatnaşan Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Serdar Berdimuhamedow çykyş edenden soň, baýramçylyga gelen myhmanlara fransuz naharlary hödürlendi we fransuz, türkmen we başga dillerde aýdym-sazlar ýaňlandy.

Ilçihana bu çäräni gurnamak üçin hemaýatkärlik eden şu kärhanalara gyzgyn minnetdarlygyny bildirýär: «Airbus», «Bouygues», «CIFAL», «MBDA», «Nexter», «PMJC Consulting», «Schneider Electric», «Thales», «Total» kärhanalary we «Fransiýa-Türkmenistan» söwda palatasy.

JPEG
JPEG
JPEG
JPEG
JPEG
JPEG
JPEG
JPEG
JPEG
JPEG
JPEG

Çap edilen 15/11/2018

Sahypanyň ýokarysy