Aşgabadyň petank oýny boýunça 3-nji turnirine Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň bileleşip sponsorlyk etmegi (2017-nji ýylyň 8-nji oktýabry) [fr] [ru]

Şu dynç günlerinde, Bouygues Turkmen kompaniýasynda gyzgyn garşy alynan, 2017-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistan petank klubynyň gurnan Aşgabadyň 3-nji halkara petank oýny turnirine bileleşip sponsorlyk edenine Ilçihana şatdyr.

Turniriň baş sponsory Türkmenistandaky Tissot brendiniň wekilliginiň baýraklarynyň birini utmak üçin, ençeme dostlaryň gatnaşmagynda, türkmen we daşary ýurtly raýatlardan « üçden » düzülen ýigrimi topar gatnaşdy. Ýerli sport älemine kem-kemden aralaşýan Elf ýaglaýjy materiýallarynyň ýerli wekilligi hem bu wakanyň sponsorlarynyň arasynda bar.

Ilçihana gatnaşyjylara fransuzça ertirlik edinmek üçin şokolatly çörek, gyzgyn fransuz bulkalaryny hödür-kerem etdi, we Ilçihananyň agzalarynyň birnäçesi turnire gatnaşdy. Türkmenistanyň fransuz Instituty fransuz erkekleri we fransuz aýallary üçin gymmatly bu ady belli sportyň düzgünlerine we taryhyna bagyşlanan iki dildäki tablolary görkezdi. Turnir, ajaýyp güneşli güýz gününiň astynda, şähdi açyk ýagdaýda geçdi.
JPEG
JPEG
JPEG
JPEG
JPEG
JPEG
JPEG
JPEG
JPEG

Çap edilen 10/10/2017

Sahypanyň ýokarysy