Aşgabatda 4-nji noýabrda gurnalan fransuz pianistleriniň konserdiniň üstünligi [fr] [ru]

4-nji noýabrda, Aşgabat şäherinde, Magtymguly teatrynyň dabaralar zalynda fransuz pianistleriniň konserdi geçdi. Bu konsert Türkmenistanyň Medeniyet ministrliginiň goldamagynda Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy et Fransuz Instituty tarapyndan gurnaldy. Airbus, Total guramalarynyň hemaýatkärliginde gurnalan bu konsert Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi.

Fransuz pianistleri Maksim Zekkini we Dawid Bismut ilki ýekelikde, soňra bilelikde bir saz guralynda fransuz we rus kompozitorlarynyň eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Fransuz pianistleriniň konserti türkmen soprano ýerine ýetirijisi Bahar Durdyýewa bilen dowam etdi. Ol fransuz ussatlary bilen bilelikde Nury Halmamedowyň söýgi eserini, şeýle hem Edit Piafyň « La vie en rose » aýdymyny ýerine ýetirdi.

Konserde gatnaşan ildeşlerimiz Maksim Zekkinini we Dawid Bismudy el çarpyşmalar bieln garşy aldylar, olar bilen giregeler zalynda ýadygärlik surata düşdiler.

JPEG
JPEG
JPEG
JPEG
JPEG
JPEG
JPEG
JPEG

Çap edilen 10/11/2017

Sahypanyň ýokarysy