Daşary işler boýunça Döwlet sekretary jenap Žaň-Batist Lömuanyň Türkmenistana sapary

Daşary işler boýunça Döwlet sekretary jenap Žaň-Batist Lömuanyň Türkmenistana (...)

Düşenbe güni, 2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde Ýewropa we daşary işler Ministriniň ýanyndaky Daşary işler boýunça döwlet sekretary jenap Žaň-Batist Lömuan Aşgabatda sapar bilen boldy. Sapar Milli Assambleýanyň başlygynyň orunbasary hanym Kärol Büro-Bonary we Merkezi Aziýada ykdysady diplomatiýa boýunça Ýörite wekil jenap Paskal Lorony öz içine alýan wekilýete onuň ýolbaşçylyk etmeginde gurnaldy.

Döwlet sekretary irden Türkmenistanda eýýäm işleýän ýa-da işlemek isleýän fransuz kärhanalarynyň wekilleriniň we «Fransiýa-Türkmenistan» söwda edarasynyň baştutanlary bilen işewürlik ertirlik naharyna gatnaşdy.

Soňra Döwlet sekretaryny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri Raşid Meredow kabul etdi. Bu duşuşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklar we halkara meseleler boýunça çuňňur pikir alyşmaga mümkinçilik berdi. Jenap Lömuan we jenap Meredow iki ýurduň ilçihanalarynyň işgärleriniň maşgala agzalarynyň işlemegi barada hökümetara ylalaşygyna we iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky 2019-2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdiler.

Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Wepa Hajyýew tarapyndan myhmanyň hormatyna berlen günortanlyk naharyndan soň Döwlet sekretary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça fransuz-türkmen hökümetara toparynyň 3-nji mejlisine Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri jenap Amandurdy Işanow bilen bilelikde başlyklyk etdi. Bu toparyň işi iki ministriň ikitaraplaýyn duşuşygyndan we soňra fransuz kärhanalarynyň hem-de Türkmenistanyň edaralarynyň gatnaşmagyndaky tegelek stoldan ybarat boldy.

Fransuz-türkmen medeni hyzmatdaşlygyna ähmiýet bermek maksady bilen Döwlet sekretary Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň arheologiýa bölümine bardy we Fransuz-türkmen arheologik ekspedisiýasy (MAFTUR) tarapyndan Ulug-depede üsti açylan bürünç eýýamyna degişli tapyndylar bilen tanyşdy.

Saparyň soňunda jenap Žaň-Batist Lömuan Türkmenistandaky fransuz jemagatynyň hormatyna kabul edişlik berdi.

Dernière mise à jour le : 29 mai 2019
Retour en haut