Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Wepa Hajyýewiň Pariže sapary (20-21-nji noýabr 2017 ý.) [fr] [ru]

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary jenap Wepa Hajyýew 2017-nji ýylyň 20-21-nji noýabrynda Parižde saparda bolup daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn maslahatlary geçirmek maksady bilen Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň kontinental Ýewropa müdirliginiň müdiri hanym Floraňs Maňžaň we şol ministrligiň Baş kätibi jenap Moris Gurdo-Montan bilen duşuşyklar geçirdi. Ministriň orunbasary tegelek stoluň başynda “Fransiýa-Türkmenistan söwda palatasynyň” (CCFT) agzasy bolup durýan kärhanalaryň wekilleri bilen gurnalan duşuşyga hem gatnaşdy we Fransiýanyň halkara gatnaşyklary institutynyň (IFRI) Prezidenti jenap Týeri dö Moňbrial bilen gürrüňdeşlik geçirdi.

JPEG
JPEG
JPEG
JPEG
JPEG
JPEG

Çap edilen 13/03/2018

Sahypanyň ýokarysy