Daşary söwda döwlet sekretary Jenap Pýer LELUŞYŇ Türkmenistana iş sapary (2012-nji ýylyň 5-6 marty) [fr] [ru]

Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli Daşary söwda döwlet sekretary Jenap Pýer LELUŞ iki günlük iş sapary bilen, 2012-nji ýylyň 5-nji we 6-njy martynda, Aşgabada geldi. Onuň ýany bilen fransuz kärhanalaryndan düzülen delegasiýa hem geldi.

Şu mynasybetli, ony Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW kabul etdi we Jenap LELUŞ Fransuz Respublikasynyň Prezidenti Jenap Nikola SARKOZINIŇ dostlukly hatyny gowşurdy. Bu duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary, şeýle-de halkara we sebitdäki döwrebap esasy meseleler barada söhbetdeşlik edildi.
Jenap Pýer LELUŞ soňra Ministrler Kabinetiniň Orunbasary, Daşary işler Ministri Jenap Raşid MEREDOW bilen ; Ministrler Kabinetiniň nebit we gaz boýunça Orunbasary Jenap Baýmyrat HODJAMUHAMEDOW bilen, Ministrler Kabinetiniň ulaglar we aragatnaşyklar boýunça Orunbasary Jenap SEÝITGULYÝEW we Ministrler Kabinetiniň energiýa, gurluşyk senagaty we ýol ulaglary boýunça Orunbasary Jenap ÝEGELEÝEW bilen duşuşdy. Bu duşuşyklarda ykdysady we söwda hyzmatdaşlyklaryň gelejekleri barada söhbet edildi.

Çap edilen 02/05/2014

Sahypanyň ýokarysy