Franko-Türkmen tehniki hyzmatdaşlygy: Paster Instituty bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen COVID-19 baradaky maslahatdaşlyk .

Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň howandarlygynda, Pasteur Шnstituty we Türkmenistanyň döwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugynyň ýokary howply ýokanç keselleriniň öňüni alyş merkezi we Aşgabat şäher sanitariýa we epidemiologiýa gulluhy bilen, 5-nji awgustda, çarşenbe güni COVID-19 meselesine we Fransiýanyň saglyk pudagynda emele gelen krizise garşy görülýän çärelere bagyşlanan wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Paster Institutynyň adatdan daşary ýagdaýlarda biologiki garşy göreş bölüminiň başlygynyň orunbasary jenap Kristof Bateja, Fransiýada we bütin dünýäde COVID-19 epidemiologiki ýagdaýynyň seljermesini hödürledi we Fransiýada saglyk krizisini ýeňip geçmek üçin görülýän çäreleriň usullaryny, şeýle hem bu ýagdaýda öwrenilen sapaklary beýan etdi.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralary bilen geçirilen maslahatda COVID-19 näsaglaryny anyklamak, dünýäniň beýleki ýurtlary we sebitleri bilen deňeşdirilende Fransiýada ýokanç kesel bolan waka sanynyň köpelmeginiň sebäpleri we Fransiýada ikinji tolkunyň bolma ähtimaly ýaly meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dernière mise à jour le : 14 août 2020