Frankofoniýa bäsleşigi 2017 [fr] [ru]

Bütin dünýäde her ýyl bellenýän Frankofoniýa hepdeliginiň çäklerinde, Türkmenistandaky Fransuz instituty Frankofoniýa bäsleşigini gurnaýar.

Bäsleşik 3 kategoriýa boyunça geçýär : ýazmaça, terjime we aydym.

Her bäsleşigiň baş baýragy: Fransuz institutynda bir ýyllyk mugt okuw( 3 sessiýa).

Bäsleşigiň şertleri::

• Kandidatlar fransuz dilini bilmeli, iň pesi A1 dereje bolmaly;
• Kandidatlar Fransuz institutynyň kurslaryna ýa-da mediatekasyna ýazylyşmaly;
• Ýokarky şertler ýerine ýetirilen halatynda, siz Sergeý bilen habarlaşyp, fewral aýynyň 13-24 aralygynda ýazylyşyp bilersiňiz. Aýyň 24-nden soňra arzalar kabul edilmeýär;
• Ýazylyşyk üçin anketany doldurmaly we kurslara ýa-da mediateka ýazylandygyňyz baradaky kwitansiýany görkezmeli;
• Her kandidat diňe bir bäsleşige gatnaşyp bilýär;
• Ýaş kategoriýasy: 8-30 ýaş.

1. Ýazmaça bäsleşik: hekaýanyň yzyny dowam etmeli. (8-15 ýaş)
Kandidatlar bellenen wagtyň dowamynda (2 sagat 30 minut) hekaýanyň dowamyny oýlap tapmaly we fransuz dilinde ýazmaly. Bäsleşik 1-nji aprelda şenbe güni sagat 11.00-13.30 aralygynda Fransuz institutynda geçer.
Ýeňijiler žuriler tarapyndan saýlanar we 8-nji aprelda Frankofoniýa bäsleşiginde yglan ediler.

JPEG

2. Terjime bäsleşigi (15-30 ýaş)
Bäsleşige gatnaşyjylar bellenen wagtyň dowamynda (2 sagat 30 minut) fransuz klassikasyndan alnan bölegi rus dilinden fransuz diline terjime etmeli. Bäsleşik 1-nji aprelda şenbe güni sagat 11.00-13.30 aralygynda Fransuz institutynda geçer. Ýaryşyjylara sözlükler hödürlener.
Ýeňijiler žuriler tarapynda saýlanar we 8-nji aprelda Frankofoniýa bäsleşiginde yglan ediler.

JPEG

3. Aýdym bäsleşigi (8-30 ýaş)
Bu bäsleşigiň agzalary "Frankofoniýa dünýäde" temasy boýunça fransuz dilinde aýdym ýerine ýetirmeli, 2-3 minudyň dowamynda aýdym bilen tanyşdyrmaly
Bäsleşigiň birinji tapgyry 1-nji aprelda şenbe güni sagat 15.00-18.00 aralygynda Fransuz institutynda geçer. Jemleýji tapgyr 8-nji aprelda Frankofoniýa baýramçylynda geçiriler.

JPEG

Maglumat üçin Sergeý bilen habarlaşyp bilersiňiz.
Tel : 27/08/60 - Mail : ift.culture@gmail.com
LINE: @kup6333s

Çap edilen 13/06/2017

Sahypanyň ýokarysy