Fransiýa/Merkezi Aziýa - diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy [fr] [ru]

2017-nji ýylyň 29-njy martynda jenap Žan-Mark Eýro Daşary işleri ministrlikde Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan kärdeşlerini 1992-nji ýylda Kazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan we Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklyaryň ýola goýulmagyny bellemek üçin kabul etdi.

Ministriň kärdeşleri bilen duşuşyklary Fransiýa we ýurtlaryň hersiniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, şeýle hem terrorizma garşy göreşmekden başlap, esasy halkara meseleleri boýunça hyzmatdaşlyga bagyşlanar. Agzalan duşuşyklarda bu ýurtlaryň ähli ugurlarda kämilleşmegine Fransiýanyň ýardam mümkinçiligi ara alyp maslahatlaşylar. Şeýlede gatnaşyklary, şol sanda bilim we medeniýet ugurlarda, berkitmegiň temasyna garalar.
Bu gün mynasybetli, jenap Žan-Mark Eýro Kazagystanly we Özbegistanly kärdeşleri, jenap Kaýrat Abdurahmanow we jenap Abdulaziz Kamilow bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary, şeýle hem Gyrgyzystanyň Daşary işleri ministriniň orunbasary jenap Azamat Usenow, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işleri ministriniň orunbasary jenap Muzaffar Hüseýnzoda we Türkmenistanyň Daşary işleri ministriniň birinji orunbasary jenap Wepa Hajyýew bilen duşuşyklary geçirer.
Jenap Žan-Mark Eýro geçen ýigrimi bäş ýylyň içinde Fransiýa we Merkezi Aziýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ösüşini görkezýän Daşary işleri ministrliginiň arhiwleriniň sergisini myhmanlaryna görkezer.

Çap edilen 26/09/2017

Sahypanyň ýokarysy