Fransiýanyň Daşary işleri Ministri Jenap Loran Fabýusyň Türkmenistana sapary (2-nji mart 2013 ý.) [fr] [ru]

Daşary işleri Ministri Jenap Loran Fabýus kärhana işewürlerinden düzülen delegasiýa bilen 2-nji martda Türkmenistanda, Fransiýanyň gatnaşyklaryny uly ykdysady potensiýaly berk bolan bu Merkezi Aziýa ýurdy bilen ýygjamlaşdyrmak maksady bilen, saparda boldy.

Daşary işleri Ministrini sapary mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW kabul etdi we ol Daşary işleri Ministri Raşid MEREDOW bilen hem duşuşdy.

Bu söhbetdişlikler ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we fransuz inwestisiýalaryny giňeltmegiň perspektiwalary barada boldy ; şeýle-de söhbetdişlikleriň dowamynda halkara meseleleri we regional ýagdaý barada pikir alyşmalar boldy.

Iş gününiň soňunda Jenap Fabýus Türkmenistanyň Daşary işleri Ministri bilen bilelikde Energetika ugrunda partnýorlyk etmek babatda franko-türkmen iş toparynyň ikinji sessiýasynyň ýapylyşyna gatnaşdy we Hökümetler arasynda Howa gatnawy hakynda Ylalaşyga gol çekdiler. Onuň gatnaşmagynda, Türkmen döwlet nebit we gaz instituty bilen “Total” açyk paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Fransiýa-Türkmenistan Söwda edarasynyň arasynda Ylalaşyga gol çekdiler.

Türkmenistandan gitmeziniň öň ýanynda, Jenap Loran FABÝUS Türkmenistandaky fransuz raýatlary bilen hem duşuşdy.

Çap edilen 02/05/2014

Sahypanyň ýokarysy