Ilçisiniň 2017-nji ýylyň 14-nji iýulyndaky çykyşy [fr] [ru]

Jenap Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary,
Hanymlar we jenap Ilçiler,
Gadyrly fransuz watandaşlar,
Hormatly türkmen dostlar,
Niredenligiňize garamazdan, hormatly Fransiýanyň dostlary !

Bir ýyl mundan ozal, edil şu günde, Fransiýanyň Nitsa şäherinde, Fransiýa elhenç urgy edildi : dürli ýaşly we dürli dinden bolan 86 fransuz ýa-da, meniň ýurduma aşyk daşary ýurt raýatlary, Fransiýa degişli ähli zady ýigrenýän bir adam sebäpli wepat boldular.

Ýöne, fransuzlary öldürmek, Fransiýany öldürmek üçin ýeterlik däldir. Ony öldürip bilmeýän, ony has-da güýçli edýär.

Fransiýa bu günde görlüp-eşidilmedik güýçlidir..

Öz soýuzdaşlary bilen, fransuz goşunlary Sahelden başlap Mosula çenli, Yslam döwletiniň garşysyna üstünlikli göreşýärler. Öz soýuzdaşlary bilen Fransiýa, geçmişdäki, hat-da, onuň amanlyna howp döreden uruşlarda hem ýeňişi ýaly, obskurantizme garşy bu uruşda hem ýeňer.

Has möhüm ýeňişleriň ýene biri bolup geçdi : fransuz halky, ýakynda, soňra öz maksatnamasyny durmuşa geçirmegi goldamak üçin Milli assambleýada köp ses alan, dogumly we reformator Prezidenti ýurt baştutany edip saýlady.

Ýewropa Bileleşiginden ýa-da Ýewrodan Fransiýanyň çykmagyny däl-de, tersine, bu Bileleşigi ähli syýasy, harby, maliýe, ykdysady we sosial durkunda has-da berkitmegi teklip edýän pro-ýewropa maksatnamasynyň esasynda goldaýan deputatlar we Respublikanyň Prezidenti saýlandy.

Şeýlelik bilen, haýyn we agyr terroristik hüjümlere duçar bolup, fransuz halky gowşamagyň we egoizmiň deregine, açyklygy we raýdaşlygy saýlady. Ol ýewropalylaryň aýry bolandan bir bolanda, has güýçli boljakdygy ynanjyny dünýä aýtdy.

Bu terrorist wagşylyga mümkin bolan iň owadan jogapdyr.

Bu reformist, ýewropa, beýleki halklara we medeniýetlere açyk bolan Fransiýa, azatlyga, deňlige we doganlyga öňküden-de has aşykdyr.

Fransiýa 2015-nji ýylyň soňunda klimat boýunça Pariž Ylalaşygyny boýunça dünýä gepleşiklerini geçirendigine guwanýar, ol şu ýylyň 6-njy iýulynda « Klimat Plan » maksatnamasyna borçlanyp, onuň üsti bilen Pariž Ylalaşygynyň operatiw durmuşa geçirilişini çaltlaşdyrmagy göz öňüne tutýar we öz başdaky milli maksatlaryny artygy bilen ýerine ýetirýär. 2050-nji ýylda doly uglerod bitaraplygy ýa-da 2040-njy ýyldan başlap benzin ýa-da dizel motorly awtoulaglardan ýüz döndermegi göz öňünde tutup, Fransiýanyň maksady aýdyňdyr – şu ýylyň 1-nji iýunynda Prezident Makron ony birnäçe söz bilen kesgitledi : Make our planet great again !

Biziň ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklarymyzyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bolan şu
ýylda bu şöhratly Fransiýa Türkmenistanda wekilçilik edýänime buýsanýaryn.

Ähli fransuzlaryň adyndan, men biziň türkmen dostlarymyza sentýabrda geçýän Aşgabat Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda örän uly ajaýyp üstünlik arzuw edýärin : goý, bu oýunlar Türkmenistana şöhrat we buýsanç getirsin !

Ýaşasyn Fransiýa !

Ýaşasyn Türkmenistan !

Ýaşasyn fransuz-turkmen dostlugy !

JPEG
JPEG

Çap edilen 17/07/2017

Sahypanyň ýokarysy