Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Ykdysady maslahatyň ýygnagyny geçirdi. [fr] [ru]

Şu ýylyň 2-nji aprelinde Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Jenap Patrik PASKAL Regional ykdysady gullugyň başlygy Jenap Erwe Sarneliniň, GDA boýunça Maliýe geňeşçi Jenap Boris Kisilewskiniň we Merkezi Aziýa boýunça Ykdysady geňeşçi Florian Kraftyň gatnaşmagynda Ykdysady maslahatyň ýygnagyny geçirdi.

Ýygnagyň maksady regional ykdysady ýagdaýa syn geçirmek, Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryň jemini jemlemek we fransuz kompaniýalarynyň Türkmenistandaky proýektlerini we perspektiwalaryny ara alyp maslahatlaşmak bolup durdy. Alstom, Groupe Cifal, DGTL Logistics, Schneider Electric, Technip, Total we Vincii kompaniýalarynyň wekilleri Fransiýanyň Ilçihanasynyň ýanyndaky Ykdysady maslahatyň ýygnagyna gatnaşdylar.

JPEG

Çap edilen 14/04/2015

Sahypanyň ýokarysy