Fransiýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň 3-nji tapgyry, Aşgabat, 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwary.

Fransiýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky (...)

Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň Kontinental Ýewropa bölüminiň müdiri, hanym Floraňs Maňžäň, 2019-njy ýylyň 24-26-njy ýanwar aralygynda Türkmenistanda sapar bilen boldy. Ol 24-nji ýanwarda Aşgabatda iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň 3-nji tapgyryny daşary işler ministriniň orunbasary jenap Wepa Hajyýew bilen geçirdi.


Mundan başga-da, hanym Maňžäň Türkmenistanda bolmagynyň çäginde Aşgabatda işleýän fransuz işewürleri we günbatar ýurtlaryň ilçileri bilen duşuşdy.


Dernière mise à jour le : 6 septembre 2019
Retour en haut