Fransuz Institutynda duşuşyk [fr] [ru]

2017-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Fransuz Instututynda fransuz pianistleri Maksim Zekkini we Dawid Bismut bilen institutyň talyplarynyň duşuşygy boldy.

Bu dostluk duşuşygynda talyplar myhmanlara olary gyzyklandyrýan soraglary berdiler: Fransiýanyň haysy welaýatyndan geldiler, näçe yaşyndan bäri sazçylyk sungaty bilen meşgullanýarlar, söýgüli kompozitorlary we eserleri barada, sazandalarda Aşgabat şäheriniň we türkmen halkynyň galdyran täsiri baradaky soraglary berdiler.

Bu duşuşyk türkmen talyplaryna fransuz dilinde tejribe almana we fransuz pianistleri Maksim Zekkini we Dawid Bismuda türkmen halky bilen yakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Duşuşygyň ahyrynda, fransuz ussatlar täze türkmen dostlaryny şol gün agşam Magtymguly teatrynda gurnalan konserde çagyrdylar.

Çap edilen 10/11/2017

Sahypanyň ýokarysy