Fransuz Institutynyň mediatekasynyň komiksleri [fr] [ru]

Angulem komiksleriniň festiwaly.

JPEG

1974-nji ýylda döredilen bu festiwal her ýyl Angulem şäherinde, Şarant welaýatynda geçirilýär. Birnäçe baýraklar gowşurylýar, esasanam iň hormatly baýrak diýip “Fow dor” baýragy hasaplanýar.

2018-nji ýylda 45-nji festiwalda Jeremi Moro özüniň “Grimr rowaýaty” atly albomy bilen ýeňiji boldy.

Türkmenistandaky Fransuz Institutynyň kitaphanasynda aşakdaky komiksler bilen tanşyp bilersiňiz.

Klassik komiksler - Tintin
JPEG

Belgiýaly awtor Erže tarapyndan toslanan Tintin – batyr reportýor öz wepaly dostlary ýagny iti Milou we kapitan Heddok bilen Afrikadan Aziýa, şeýle-de Aýa çenli syýahat edýärler. Onuň başdan geçirmeleri birnäçe nesliň okyjylaryny özüne çekdi.

Klassik komiksler - Asteriks
JPEG

Deňi-taýy bolmadyk gallar Asteriks we onuň dosty Obeliks jadyly melhemi ulanyp rim goşunlaryna garşy durup bütin dünýä belli boldular we birnäçe filmlerde beýan edildiler.

Çaga komiksleri - Titöf
JPEG

Zep tarapyndan toslanan we saçyna timar berişi bilen tanalýan bu ýaş personaž ýaş nesliň kumiri boldy. Gülkili pursatlaryň üsi bilen ol özüniň çagalygyna garamazdan örän möhüm meseleleri gozgaýar: dostluk, maşgala, söýgi.

Çaga komiksleri - Kiçijek wampir
JPEG

Kiçijek wampir şadyýan monstrlar we wampirlaryň ajaýyp durmuşynda ýaşaýar. Ýöne onuň ýüregi gysýar we bir gün ol Mişele, ýagny kiçijek adam ogluna duşýar.

Grafik roman - Nestor Burma
JPEG

Leo Male tarapyndan toslanan jenaýat işlerini alyp barýan aňtaýjy agent fransuz komikleriniň ussady Tardi tarapyndan şekillendirilen. Onuň her bir derňemesi bizi 50-nji ýyllardaky Parižiň her bir okrugy bilen tanyşdyrýar.

Grafik roman - Persepolis
JPEG

Marýan Satrapiniň çagalygy Eýranda geçdi. Ol rewolýusiýadan soň bu ýurtda bolan çagalyk döwrüniň başdan geçirmeleri barada gürrüň berýär. Bu täsirli waka barada kino hem düşürildi.

Çap edilen 12/04/2018

Sahypanyň ýokarysy