Fransuz bilermenleri türkmen halas edijileri üçin birinji gaýragoýulmasyz medisina kömegi boýunça okuw geçirdiler [fr] [ru]

2018-nji ýylyň 30-njy apreli we 11-nji maýy aralygynda Fransiýanyň Ilçihanasynyň içki howpsuzlyk bölümi Türmenistanyň bäş welaýatynda we paýtagtynda işleýän Türkmenistanyň goranmak ministrliginiň Raýat goranyş we halas ediş işleri boýunça Baş müdirliginiň 28 halas edijisi üçin birinji gaýragoýulmasyz medisina kömegi boýunça okuw geçirdi. Bu okuw 2017-nji ýyldaky arakesmeden soň, şunuň ýaly geçirilýän okuwlaryň ikinjisi bolup durýar, çünki Türkmenistan seýsmiki zolakda ýerleşýär.

Fransiýanyň Dub departamentiniň Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň iki fransuz halas edijisi öz tejribesini täze bilimler bilen gyzyklanýan türkmen diňleýjileri bilen paýlaşmak üçin ýörite Türkmenistana geldi. Bu gurnalan okuw türkmen halas edijilerine öz bilimlerini we ukyplaryny fransuz bilermenleriniň tejribesi bilen deňeşdirmäge mümkinçilik döretdi. Ejir çekenler üçin ulanylýan dürli halas ediş we ewakuasiýa usullaryny gözden geçirenden soň, olar fransuz bilermenleriniň baştutanlyk etmeginde 48 tejribe ýumşuna seretdiler.

Şu iki baý manyly hepdäniň soňunda, ähli diňleýjileriň halas ediş işlerini geçirmek we dürli ejir çekenlere (ýol-ulag hadysasy, gark bolmak, ýykylmak, ýarag şikesi, terror hadysasynda ejir çekmek, dem alşyň togtamagy, ýürek-gan aýlanyşygynyň durmagy) gaýragoýulmasyz birinji medisina kömegini bermekde tejribeleri tassyklanyldy. Anna güni, 11-nji maýda Aşgabat şäheriniň Raýat goranyş we halas ediş işleri boýunça müdirliginde, Goranmak ministrliginiň Raýat goranyş we halas ediş işleri boýunça Baş müdirliginiň başlygynyň orunbasarynyň we Fransiýanyň Ilçihanasynyň içki howpsuzlyk attaşesiniň orunbasarynyň (rezidensiýasy Owganystanda) baştutanlygynda şahadatnamalary gowşuryş dabarasy geçirildi.

Baş müdirligiň başlygynyň orunbasary fransuz bilermenleriniň hünär ussatlygyna we ulag-enjamlaryň ýurtda ulanylýan görnüşlerini ulanmak arkaly türkmen işdeşleriniň talaplaryna doly uýgunlaşdyrylan bu okuwyň hiline ýokary baha berdi. Ol bu täze alnan başarnyklaryň halas ediş işinleriniň netijeliligini geljekde ýokary derejä eltmekde mümkinçilik döretjekdigi baradaky islegini beýan etdi. Ol Türkmenistanyň bähbidi ugrunda bu okuwy gurnamakda beren goldawy üçin Ilçihanana minnetdarlygyny hem bildirdi hem-de Fransiýanyň raýat goranyş ulgamynyň we Türkmenistanyň goranmak ministrliginiň Raýat goranyş we halas ediş işleri boýunça Baş müdirliginiň arasynda emele gelen durnukly gatnaşyklaryň kömegi bilen tebigy betbagtçylyklaryň öňüni alyş we halas ediş pudagynda hyzmatdaşlygy dowam etmek arzuwyny aýan etdi.

JPEG

Çap edilen 17/07/2018

Sahypanyň ýokarysy