Fransuz dili kurslarynyň täze sessiýasyna ýazylmaga howlugyň! [fr] [ru]

Siz fransuz dilini öwrenmegi ýa-da fransuz dili başarnyklaryňyzy ösdürmek isleýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa, fransuz dili kurslarynyň indiki sessiýasyna ýazylyp 2-nji oktýabrda Merkezimize gelip bilersiňiz.

Türkmenistandaky Fransuz medeni merkezinde Umumy ýewropa diller dereje sistemasyna gabat gelýär. Olar A1 başlangyç derejesinden ýokary C1 derejesine çenli dowam edýär.

JPEG

Hepde-de 2 gezek 1,5 sagatdan ulular üçin sapaklar, şeýlede hepde-de 3 gezekden çagalar üçin bir sagatlyk sapaklary hödürleýäris.

Şeýle hem biz isleg bildirýänler üçin indiwidual ýa-da kiçi toparlardaky sapaklary hödürleýäris.

JPEG

Biz (3-6 ýaş) has kiçi ýaşly çagalary hem kabul edýäris, hepde-de bir gezekden, fransuz dilinde başlangyç sapak oýunlary görnüşinde dowam edýär .

JPEG

Biz bilen fransuz dilini öwrenip, siz biziň kitaphanamyzdan we onuň kitap, DVD we CD disk kolleksiýalaryndan peýdalanyp bilersiňiz, olardan peýdalanmak bilen siz fransuz medeniýetini öwrenersiňiz. Şeýle hem size Internetden peýdalanmaga mümkinçilikler döredilýär.

Ýylyň soňunda, ähli talyplar diplomlary Fransiýanyň Ýokary we milli bilim Ministrligi tarapyndan tassyklanan resmi synaglary (TCF, Delf we Dalf) tabşyrmaga mümkinçilik alýarlar.

JPEG

Ýazylyşyk we giňişleýin maglumat üçin kurslar boýunça sekretara ýüz tutup bilersiňiz.

HABARLAŞMAK ÜÇIN:
Aşgabat, 744000 Torgowaýa koçesi 1/12
Tel: 27 08 60 / 27 12 03 / 27 /12 04
Elektron adresimiz: ift.secretaire@gmail.com

ÝAZYLYŞYK:
Duşenbe/Çarşenbe/Anna sagat 15.00 den 19.00 çenli
Sişenbe/Penşenbe sagat 9.00 dan 13.00 çenli

Çap edilen 24/08/2017

Sahypanyň ýokarysy