Fransuz dili kurslarynyň ýazky sessiýasyna ýazylmaga howlugyň! [fr] [ru]

Siz fransuz dilini öwrenmegi ýa-da fransuz dili başarnyklaryňyzy ösdürmek isleýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa, fransuz dili kurslarynyň indiki sessiýasyna ýazylyp 20-nji martda Merkezimize gelip bilersiňiz.

Türkmenistandaky Fransuz medeni merkezinde Umumy ýewropa diller dereje sistemasyna gabat gelýär. Olar A1 başlangyç derejesinden ýokary C1 derejesine çenli dowam edýär.

Hepde-de 2 gezek 1,5 sagatdan ulular üçin sapaklar, şeýlede hepde-de 3 gezekden çagalar üçin bir sagatlyk sapaklary hödürleýäris.

Şeýle hem biz isleg bildirýänler üçin indiwidual ýa-da kiçi toparlardaky sapaklary hödürleýäris.

Biz (3-6 ýaş) has kiçi ýaşly çagalary hem kabul edýäris, hepde-de bir gezekden, fransuz dilinde başlangyç sapak oýunlary görnüşinde dowam edýär .

JPEG

Biz bilen fransuz dilini öwrenip, siz biziň kitaphanamyzdan we onuň kitap, DVD we CD disk kolleksiýalaryndan peýdalanyp bilersiňiz, olardan peýdalanmak bilen siz fransuz medeniýetini öwrenersiňiz. Şeýle hem size Internetden peýdalanmaga mümkinçilikler döredilýär.

Ýazylyşyk we töleg: 6-njy martdan 17-nji marta çenli

Ýazylyşyk doly töleg geçirilenden soňra kabul edilýär. Töleg geçirmezden öň kurslar boýunça sekretara ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.

Kurslar boýunça sekretar: Duşenbe, çarşenbe, anna 15.00 - 19.00, sişenbe, penşenbe 09.00- 13.00.

Buhgalter: Duşenbe, çarşenbe, penşenbe 13.00-19.00, sişenbe we anna 09.30-16.00.

HABARLAŞMAK ÜÇIN:
Aşgabat, 744000 Torgowaýa koçesi 1/12
Tel: 27 08 60 / 27 12 03 / 27 /12 04
Elektron adres: ift.secretaire@gmail.com
LINE: @kup6333s
ÝAZYLYŞYK: Duşenbe, çarşenbe, anna 15.00 - 19.00, sişenbe, penşenbe 09.00- 13.00.

Çap edilen 13/06/2017

Sahypanyň ýokarysy