Fransuz dilinde afrikan edebiýaty [fr] [ru]

Frankofoniýa baýramy mynasybetli biziň mediatekamyz size fransuz dilinde çap edilen afrikan edebiýatyny hödürleýär.

Alžirden Rwanda çenli, Mali we Kot-d’Iwuar aralygyny öz içine alyp, dünýäde fransuz dilinde gürleýänleriň ýarysy Afrika kontinendinde ýaşaýar. 100 million ilatly Afrika kontinenti fransuz dilinde gürleýänleriň janly ojagy bolup durýar.

Bu joşgunlylygy olaryň edebiýatynda görmek bolýar, sebäbi ençeme afrikan ýazyjylary öz eserlerininde ýaşaýan ýurtlarynyň aýratynlyklaryny fransuz diliniň üsti bilen beýan edýärler.

Biziň kitaphanamyzda siz bu awtorlaryň käbirleriniň eserlerini okap bilersiňiz.

JPEG - 27.2 ko
Alain Mabanckou

Biziň mediatekamyzda siz Kongoly ýazyjy Alan Mabankunyň iki eserini okap bilersiňiz.

Oklukirpiniň ýatlamalary (2006) – fantastiki erteki, afrikan basnýasy we onuň gahrymany oklukirpi.

Döwülen stakanda (2005) – awtor bu eserde Brazawil kafesinin müşderileriniň gürrüňlerini wäşilik we mähirlik bilen beýän edýär.

JPEG - 32.4 ko
Gaël Faye

Aýdymçy, reper, ýazyjy Gael Faýe – hakyky artist.

Okuwçylar arasynda Gonkur baýragynyň ýeňijisi bolan ilkinji romany bilen Gaýe 2016-njy ýylyň edebi sensasiýasy boldy.

“Kiçijek ýurt” atly az-kem awtobiografiki eserinde, ol eseriň gahrymany Gabrieliň 90-njy ýyllarda Burundi ýurdundaky çagalygy barada gürrüň berýär. Ýurtda bolup geçyän raýatlyk urşy we gonşy ýurt Rwanda tarapyndan taýýarlanan Tutsileriň genosidi eseriň gahrymanynyň bütin durmuşyny özgertdi.

JPEG - 30.6 ko
Tahar Ben Jelloun

Asly Marokkanyň Fes welaýatyndan bolan Tahar Ben Jellun dünýäde iň köp terjime edilýän fransuz dilinde ýazýan afrikan ýazyjysy we ol ençeme wagtdan bäri Demirgazyk Afrikanyň edebiýatynyň iň esasy wekilleriniň biri bolup durýar.

Täsin we erteki obrazly “Mukaddes gije” eseri gahryman gyzyň başdan geçirmelerini we marokan jemgyýetinde aýal maşgalanyň orny baradaky temany sorag görnüşinde gozgaýar. Eser 1987-nji ýylda Gonkur baýragynyň ýeňijisi boldy.

Mundan başga-da, siz kitaphanamyzda “Mindal agaçlary öz ýaralaryndan wepat boldular” atly goşgular ýygyndysyny alyp bilersiňiz.

Çap edilen 11/05/2018

Sahypanyň ýokarysy