Fransuz-türkmen gatnaşyklary

Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 6-njy martynda ýola goýuldy.
Türkmenistanda wekilýet açmak baradaky çözgüt 1994-nji ýylyň aprel aýynda Prezident Mitteranyň Aşgabada bolan saparynyň dowamynda kabul edildi. 1999-njy ýylda wekilýete ilçihana derejesi berildi.

Soňra oňa Aşgabatda «Žül Wern adyndaky medeni merkezi» ady bilen açylan fransuz medeni merkezi hem gоşuldy. 2015-nji ýylyň iýul aýynda hökümetara ylalaşyga gol çekilenden soň oňa «Fransiýanyň Türkmenistandaky Instituty» ady berildi.

Fransiýa Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özbaşdaklygyny we territorial bitewiligini ilkibaşdan goldaýar we 1995-nji ýylda BMG-niň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygyny ykrar edýän rezolýusiýasyny awtordaş bolup kabul etdi.
2007-nji ýylda Türkmenistanda döwlet baştutanynyň çalyşmagy bilen ikitarapalaýyn gatnaşyklar täzelendi we biziň dürli pudaklardaky hyzmatdaşlygymyz ösdürildi. Muňa 2010-njy ýylyň 1-2-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Fransiýa birinji resmi sapary şaýatlyk edýär.
Ykdysady gatnaşyklar, esasan, Türkmenistanyň döwlet derejesinde iri fransuz kärhanalary bilen baglaşýan şertnamalary arkaly amala aşyrylýar. Ikitaraplaýyn söwda öňden bäri Fransiýanyň peýdasyna agdyklyk edýär.

Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk, esasan, Ulug-depe ýadygärliginde Fransuz-türkmen arheologik ekspedisiýasy (MAFTUR) tarapyndan alnyp barylýan bilelikdäki ylmy-barlag işleri bilen tapawutlanýar.

Iki ýurduň arasyndaky yzygiderli syýasy gepleşikler Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleri arkaly geçirilýär. Şeýle geňeşmeleriň birinji mejlisi 2011-nji ýylda geçirildi we 2017-nji ýyldan başlap geňeşmeler her ýyl geçirilýär

Okap bilersiňiz:

Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar barada “France diplomatie” internet sahypasy

Sur le même sujet

Dernière mise à jour le : 22 mai 2019
Retour en haut