«Gender deňligi» atly gürrüňdeşlik agşamy [fr] [ru]

2018-nji ýylyň 24-nji ýanwrynda Fransuz Institutynda «Aýal erkek deňligi» atly gürrüňdeşlik agşamy geçirildi.
Institutyň direktory tarapyndan gurnalan bu duşuşyga Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Fransua Delaus, Buig mekdebiniň mugallymy Silwi Roben bilen bilelikde 40 golay diňleýji gatnaşdy.
Duşuşygyň başynda, “Deňlik” termininiň aňladýan manysy we onuň aýal erkek gatnaşygyndaky orny barada pikir alyşyldy. Gürrüňdeşlikde esasan gender stereotipleri we olaryň biziň gündelik durmuşymyzdaky orny barada pikir alyşyldy. Diňleýjiler öz pikirleri bilen paýlaşdylar we bular barada mysallar getirdiler.
Duşuşygyň ikinji ýarymynda, gender düşünjesiniň birnäçe ugurlardaky orny barada gürrüň edildi. Meselem, iş sferasy (aýlyk, hünär derejesi) bilen baglanyşykly meseleler, syýasy meseleler, maşgala meseleleri (öý işlerini paýlaşmak, çagalaryň terbiýesi).
Mysal getirilen meseleler barada diňleýjiler Fransiýa bilen Türkmenistanyň gündelik durmuşyny deňeşdirmek arkaly pikirlerini paýlaşdylar.

JPEG
JPEG
JPEG

Çap edilen 16/03/2018

Sahypanyň ýokarysy