Gürrüňdeşlik agşamy [fr] [ru]

Siz fransuz dilinde erkin gürlemek isleýärsiňizmi? Siz alan bilimiňizi tejribe arkaly ösdürmek isleýärsiňizmi? Siz fransuz mugallymlary bilen gürleşmek we pikir alyşmak isleýärsiňizmi?

Onda, biziň gürrüňdeşlik agşamymyza gatnaşmaga geliň

Hepdäniň penşenbe we anna güni sagat 18.30-19.30 aralygynda Türkmenistandaky Fransuz Instituty sizi gürrüňdeşlik sapaklaryna çagyrýar.

Bu gürrüňdeşlik agşamlaryny Ann we Jenewiew alyp bararlar.

Ilkinji gürrüňdeşlik agşamy 4-nji oktýabrda sagat 18.30-da başlaýar.

giriş tölegsiz
(Institutyň talyplary we mediatekamyzyň agzalary üçin).

JPEG

Çap edilen 25/09/2018

Sahypanyň ýokarysy