Hyzmatdaşlyk we medeni işleri boýunça bölüm [fr]

Siz habarlaşyp bilersiňiz :

Hyzmatdaşlyk we medeni işleri boýunça Geňeşçi / Türkmenistandaky Fransuz Institutyň Direktory (TFI).

Tel. : (993 12) 36 35 50

Türkmenistandaky Fransiýanyň Ilçihanasynyň Hyzmatdaşlyk we medeni işleri boýunça bölüminiň (HMIB) edýän işleri :

• Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklary özüniň ygtyýary bolan pudaklarynda ilerletmek,

• Iki ýurduň hünärmenleriniň duşuşmaklaryna, bilelikde işlemeklerine, gönüden-göni pikir alyşmalaklaryna we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk programmalaryny goldamaga ýardam etmek bilen Türkmenistanda fransuz medeniýetiniň ähli görnüşlerini ýaýratmak.

Fransiýanyň Türkmenistanda alyp barýan hyzmatdaşlyk we medeni işleri, esasanam, şulardan ybarat : çeper, medeni, bilim, uniwersitet, tehniki we audiowizual ugurlardaky işler, şeýle-de :

  • Türkmenistanda medeni çäreleri guramak aşakdaky ugurlarda hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam edýär :
    - saz,
    - wizual sungatlar (žiwopis, fotografiýa),
    - sahna sungatlar (sirk, teatr, pantomima)
    - kino (frankofoniýa kino festiwaly)
  • Türkmenistandaky Fransuz Instituty bilen hyzmatdaşlyk edip fransuz dilini öwrenmäge we frankofoniýany ösdürmäge ýardam etmek.
  • Esasanam, okuw stipendiýalarynyň kömegi bilen Fransiýada bilim kämilligini almak bilen baglanyşykly uniwersitet hyzmatdaşlygy.
  • Tehniki hyzmatdaşlyk, takyk, esasan hem Häkimiýet we hukuk Döwletini berkitmäge ýardam etmäge maksatly işler. Bu EB we EHHG tarapyndan maliýeleşdirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary we köptaraplaýyn programmalary durmuşa geçirmäge ýardam etmäge degişlidir.

Çap edilen 15/09/2016

Sahypanyň ýokarysy