Ibantuta bilen aýdym-sazly duşuşyk [fr] [ru]

Saz Iban Perretiň çagalykdan ýoldaşy. Ol ilki pianino we gitara çalýardy, ýöne Birleşen Arap Emiratlygynda we Bahreinde “Ud” atly saz guralyna sataşdy.

Ibantuta lakamyny özüne alyp, Iban Perre dünýä syýahatyny dowam edýär we gadymdam gelýän kirişli saz gurallaryny çalýan sazandalar bilen duşuşýar. Onuň soňky syýahaty ony Beýik Ýüpek ýoluna getirdi.

Festiwala gatnaşmak üçin Türkmenistana birnäçe günlük gelen sazanda Fransuz Institutynda geçiriljek duşuşyga geler.

Siz bu pursaty gaçyrmaň we 13-nji aprelda sagat 18.30 geçiriljek aýdym-sazly duşuşyga gatnaşyň.

Giriş tölegsiz. Duşuşyk fransuz dilinde geçer.

Çap edilen 30/06/2018

Sahypanyň ýokarysy