Ilçiniň roly [ru]

Fransiýanyň daşary ýurtdaky Ilçisi (ýa-da halkara guramadaky hemişelik wekili) Ministrleriň maslahatynda Daşary işler ministriniň teklibi boýunça Respublikanyň Prezidenti tarapyndan bellenýär. Bu « hökümet çözgüdinde ýokary wezipeleriň » biridir.

Ilçi postynda Döwletiň häkimiýetini dolulygyna ýerine ýetirýär. Ol bolýan ýurdunda Fransiýanyň ýurtda bähbidini göz öňüne tutýan ähli zatlara jogap berýär. Ministrlik ony bu wekilçiligi ýerine ýetirmekde ugrukdyrmaga çalyşýar.

Ministrler maslahaty tarapyndan bellenenden soň geljekki Ilçi ugraýan ýurdunyň agremanyny almalydyr. Diňe şondan soň onuň bellenendigi mälim edilýär we çap edilýär. Iş ýerine gelenden soň ony Daşary işleri ministri, soňra Döwlet Baştutany kabul edýär we ol özüniň bellenendigi baradaky Respublikanyň Prezidentiniň hatyny oňa gowşurýar. Hut şu hata « ynanç hatlary » diýilýär (hemişe köplük sanda). Şeýlelik-de ol akkreditlenýär we bolýan ýurdunyň häkimiýetleriniň haýsydyr bir basyşyndan goraýan halkara hukugy tarapyndan garantiýa berilen immunitetden we ýeňilliklerden peýdalanýar.

Çap edilen 22/10/2014

Sahypanyň ýokarysy