Jenap Žan-Mark Eýronyň beýannamasy – Fransiýa-Merkezi Aziýa - diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ýigrimi bäş ýyllygy (2017-nji ýylyň 29-njy marty) [fr] [ru]

Jenap Žan-Mark Eýronyň beýannamasy, daşary işleri we halkara ösüş ministri

Fransiýa-Merkezi Aziýa - diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ýigrimi bäş ýyllygy

Pariž, 2017-nji ýylyň 29-njy marty

Şu gün men Parižde, Fransiýa we Kazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan we Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklyaryň ýola goýulmagynyň ýigrimi bäş ýyllygy mynasybetli, Merkezi Aziýadan kärdeşlerimi kabul etdim.

Fransiýa we onuň Merkezi Aziýadan partnýorlary bu formatda birinji gezek duşuşdylar. Şeýle ýagdaýda biz bu sebit bilen dialogymyzda täze etap açmagy isledik.

Şonuň bilen birlikde, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň hersiniň garaşsyzlygyna, howpsuzlygyna we ösüşine Fransiýanyň ygrarlydygyny men söhbetdeşlerime belläp geçdim.

Şeýlede biz häzirki wagtyň esasy halkara meseleleri, aýratyn hem durnuksyz ýerlerde terrorizma garşy göreş barada pikir alyşdyk.

Geçen 25 ýylyň içinde Fransiýa partnýorlary bilen netijeli gatnaşyk etdi.

Fransiýa bäş ýurduň hersinde Ilçihanasy bolan Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletleriniň iki ýurdunyň biridir. Ol ähli ugurlarda dialogy we hyzmatdaşlygy, şol sanda ykdysadyýetde we medeniýetde, dowam etmäge hyjuwlydyr. Ol bu partnýorlara özleriniň reforma, özleriniň intitutlaryny kämilleşdirme, hukuk hökümdarlygyny berkitme we öz ykdysadyýetini diwersifikasiýa etme tagallalarynda ýardamyny dowam eder.

Çap edilen 30/03/2017

Sahypanyň ýokarysy