Montaž etme ussahanasynyň açylmagy Schneider Electric kompaniýasynyň we Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň hyzmatdaşlyk etmeginiň miwesidir (2012-nji ýylyň 20-nji iýuny). [fr] [ru]

20-nji iýunda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Energetika we senagat ministri Jenap Myrat ARTYKOW, Fransiýanyň Ilçisi Onuň Alyhezreti Jenap Pýer LEBOWIÇIŇ gatnaşmagynda, halkara hil we howpsuzlyk kriteriýalaryna gabat gelýän, pes napreženiýe elektrik bölüji şitleri gurnaýan ussahanany açdy. Olar Türkmenistanyň gurluşyk we senagat bazarynda ulanmak üçin niýetlenendir.

Bu proýekt Schneider Electric kompaniýasynyň gerek bolan tehnologiýany we ylmyň soňky gazananlaryny (önümiň metodlaryny, gurnalmagyny we soňky barlama testlerini öwrenme) ygtyýaryna bermegi esasynda Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň we Schneider Electric kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk etmeginiň netijesidir.

Çap edilen 14/04/2015

Sahypanyň ýokarysy