Türkmen suratkeşi Pariž we Lotaringiň arasynda - syýahat suratlary [fr] [ru]

2017-nji ýylyň tomusynda, türkmen suratkeşi Witaliý Çaryýew Fransiýa birinji gezek, Parižden Lotaringiýa, ýurduň gündogaryna gitdi.
Ol aňyrdan galamda, ruçkada, akwarelde ýa-da sangwinada çekilen birnäçe suratlary, esasanam, erkin el bilen çekilenleri getirdi. Bu suratlarda suratkeşiň has tanalmaýan ýerlere (Mes ybadathanasy, Möz obasy), belli ýadygärliklere, Fransiýanyň simwollaryna (Notr-Dam ybadathanasy, Eýfel başnýasy, Wersal) bolan hususy garaýşyny görüp bolýar.
Türkmenistanyň fransuz instituty 2017-nji ýylyň 14-nji we 28-nji oktýabr aralygynda bu syýahat suratlarynyň sergisini geçirýär.
Fransuz instituty sizi sergä çagyrýanyna şatdyr. Serginiň açylyşy 14-nji oktýabrda sagat 15 :00-da suratkeşiň gatnaşmagynda açylyp, soňra kokteýl bilen dowam eder.

Афиша выставки - JPEG

PDF - 404 ko
Access map IFT
(PDF - 404 ko)

Çap edilen 30/01/2018

Sahypanyň ýokarysy