Onuň Alyhezreti Jenap Raşid MEREDOW Fransiýada resmi saparda [fr] [ru]

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary we Daşary işleri Ministri, Onuň Alyhezreti Jenap Raşid MEREDOW, Fransiýanyň Daşary işleri we halkara ösüş Ministri Jenap Loran FABÝUSYŇ çakylygy bilen, Fransiýada resmi saparda boldy.

Iki Ministriň duşuşygy Fransiýanyň Daşary işleri we halkara ösüş ministrliginde, 2015-nji ýylyň 17-nji iýulynda, aýratyn dostlukly ýagdaýda geçdi. Möhüm aktual halkara meseleleri üns merkezinde bolup, ara alyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy geljek güýzde Parižde geçiriljek klimatyň üýtgemegi boýunça konferensiýa (COP21) gatnaşýandygyny tassyklady. Iki Tarap hem iki taraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmek islegini beýan etdiler. Ýakyndaky aýlarda, fransuz kompaniýalaryny we olaryň türkmen partnýorlaryny birikdirýän, esasanam, iň ýokary derejede, syýasy dialogy ösdürmek maksatly duşuşyklar göz öňunde tutuldy. Fransiýanyň Daşary işleri we halkara ösüş ministrliginiň Sagatlar zalynda Iki Ministr, dabaraly ýagdaýda, Medeni merkezleriň işi baradaky Hökumetara Ylalaşyga gol çekdiler.

JPEG
JPEG
JPEG

Çap edilen 25/08/2016

Sahypanyň ýokarysy