Türkmenistandaky Fransuz Institutynda "Ahalteke we Fransiýa" atly serginiň açylyş dabarasy we konferensiýa. [fr] [ru]

21-nji aprelda sagat 15:00-da Türkmenistandaky Fransuz Institutynda "Ahalteke we Fransiýa" atly serginiñ açylyş dabarasy bolar.

Sergi 21-nji apreldan 12-nji maýa çenli dowam eder.

Partnýorlarymyz tarapyndan gurnalýan furşediñ dowamynda, myhmanlar üç sany sergiler zalynda türkmen suratkeşleriniñ bedewe bagyşlanan eserlerini synlap bilerler.

Birinji sergiler zaly atlaryñ morfologiýasyna we Ahalteke atlarynyñ jynsyna bagyşlanar.

Ikinji sergiler zalynda myhmanlara Ahalteke atlarynyñ taryhy barada we onuñ Türkmenistanyñ taryhynda tutýan orny barada sungatyñ üsti bilen gürrüñ beriler.

Üçünji sergiler zalynda bedewlerden ruhlanyp döredilen atlar temasyna bagyşlanan eserler görkeziler.

Serginiñ çäklerinde, 21-nji aprelda sagat 16.30-da Fransiýanyñ Ahalteke birleşmesiniñ Prezidenti, Ahalteke atlarynyñ seýisi Madam Eluaz Girardiniñ gatnaşmagynda konferensiýa gurnalar. Konferensiýa fransuz dilinde geçer.

Çap edilen 21/05/2018

Sahypanyň ýokarysy