Sişenbe gününiň myhmany - 20-nji mart [fr] [ru]

Mart aýynda Frankofoniýa baýramynyň çäginde biz ýörite siziň üçin ikinji sapar Sişenbe gününiň myhmanyny çagyrýarys. Duşuşyk 20-nji martda sagat 18.30-da gecçer.

Raşid Mesbah Marokkaly frankofon. Ol Türkmenistanda eýýäm 7 ýyl bäri ýaşaýar we Oguzkent otelinde ýerine ýetiriji direktor bolup işleýär. Ol biz Marokko we Fese şäheri barada gürrüň berer.

Siz bu ýurduň bay medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşmak isleýärsiňizmi? “Tajin” we “kuskusyň” nähili tapawudynyň bardygyny bilýärsiňizmi? Ýa-da “fantazia” we “amazige” sözleriniň name many aňladýanyny bilýärsiňizmi? 20-nji martda duşuşyga gatnaşyň we Raşid Mesbah bilen gürrüňdeş boluň.

Giriş tölegsiz. Duşuşyk fransuz dilinde bolar.

Çap edilen 12/04/2018

Sahypanyň ýokarysy