Stipendiýa almak isleýän geljekki dalaşgärlere maslahatlar

Stipendiýa almak isleýän geljekki dalaşgärlere maslahatlar
Iki kriteriýa wajypdyr, olar : fransuz dilini oňat bilmek we gowy dosýedir. Şonüň üçin, kandidaturaňyzy azyndan bir ýyl öňünde taýýarlamak gerekdir

Stipendiýa almak isleýän geljekki dalaşgärlere maslahatlar
Iki kriteriýa wajypdyr, olar : fransuz dilini oňat bilmek we gowy dosýedir. Şonüň üçin, kandidaturaňyzy azyndan bir ýyl öňünde taýýarlamak gerekdir
Fransuz dilini oňat bilmek
Siz fransuz dilini öwrenmäge ýa-da derejäňizi kämilleşdirmäge başlamalysyňyz. Türkmenistandaky Fransuz medeni merkezi Fransiýada okamaga rugsat bermegi ýeňilleşdirýän kurslary we lingwistik sertifikatlary hödürleýär.
Merkezde saýlama we biziň bölümlerimiz tarapyndan taýýarlanan mugallymlar sapak berýärler, fransuz dili döwrebap okuw kitaplary, şeýle hem medeni wakalara baý programma bilen utgaşdyrylýar.
Ondan başgada Medeni merkez siziň kandidaturaňyzy taýýarlamak we siziň professional meýilnamaňyzy düzmek üçin pedagogik maslahatlary berip biler. Duşuşyk soramaga çekinmäň, duşuşanmyzda siziň maksadyňyz üçin has oňaýly okuwlar we dosýeňizi ugratmak baradaky meseleleri siz bilen ara alyp maslahatlaşyp bileris.
Gyzykly dosýe
Maliýe kömegini almagyň ýa-da uniwersitete kabul edilmegiň iň gowy usuly özüne çekiji dosýe taýýarlamakdyr. Bu diýildigi siz öz dosýeňizde beýlekileriň dosýelerinden tapawutlandyrýan başlangyçlary görkezmelisiňiz.
Uniwersitetleriň stipendiýalary
Fransuz uniwersitetleri okuw üçin kämahal iň bäşlikçi talyplara stipendiýalar berýär. Mundan başgada gönümel uniwersitetleriň jogapkärçiligine berilen Daşary işleri ministrliginiň stipendiýa programmasy hem bardyr.
Prosedurasy : Gönümel ýokary okuw jaýynyň özüne kandidaturaňyzy ugratmaly.
Mysal üçin : halkara hukuk hünärini ele almak isleýän talyplar :
Gaaganyň Halkara hukuk akademiýasynyň (http://www.hagueacademy.nl) ýa-da Adam hukuklary boýunça halkara institutyň tomus sessiýalaryna (elýeterli stipendiýalar) gatnaşyp bilerler.
JESSUP (umumy hukuk) http://www.ilsa.org/jessup/ ýaly iňlis ýa-da fransuz dilindäki halkara sudy boýunça konkursa, Piktet konkursy (halkara gumanitar hukuk) http://www.concourspictet.org/index… ýa-da Ren Kassen konkursyna (adam hukuklary) http://www.concourscassin.org/ gatnaşmak
CPGE, IUT, BTS, IUT derejeli kandidaturalar we orta mekdebi tamamlanlar şu saýda girmelidirler.
Erasmus Mundus programmasy
Ýewropa uniwersitetleriniň birnäçesi şol sanda köp sanly fransuz uniwersitetleri ýewropa kommissiýasynyň maliýeleşdirmesi esasynda “Masters Erasmus Mundus” ýaly okuw stipendiýalaryny alyp bolýan hünärmenlik okuwlaryny hödürleýärler.

Prosedura : Öz kandidaturaňyzy “Masters Erasmus Mundus” programmalaryň birine ugradyň we stipendiýa almak üçin dosýeňiz ýeterlik derejede gowy bolmalydyr. Master derejesi programmalaryň spisogy şu saýtda bardyr. www.europa.eu.int/comm/educa...
Doktor derejesi üçin ýörite stipendiýalar

Doktor derejeleriniň çäginde şu saýtda www.andes.asso.fr ýerleşdirilen maliýeleşdirme boýunça örän köp mümkinçilikler bar. Fransuz uniwersitetleri we ilçihana bilelikde berilýän stipendiýalary hem goldaýarlar, biz bilen habarlaşyň.
Beýleki institutlar
NATO guramasy parahatçylygy berkitmek üçin www.otan.nato.int stipendiýalary hödürleýär.
Birleşen Milletler Modeline gatnaşmak (bu barada öz uniwersitetleriňizden maglumat alyň)
Ykdysady we sosial ösüşiň çäginde Ýaponiýa bilen arabaglanyşygy bolan Dünýä banky Franiýada okamagy maliýeleşdirip bilýär. Programma JJ/WBGSP. www.worldbank.org
Eger siz öz professional maksatnamaňyza laýyk gelýän stipendiýany hiç tapmasaňyz, siz şu saýtlara girip bilersiňiz : http://www.unesco.org/education/stu… http://financements.andes.asso.fr/
Biz size kömek edip bilýäris
Fransiýanyň Ilçihanasynyň bölümleri ähli ýagdaýlarda siziň hemme başlangyçlaryňyzda size maslahat berip bilýärler, lingwistik sertifikasiýalary hödürläp bilýärler ýa-da hilli dosýeni düzmekde size malahatlar berip bilýärler.

publié le 31/05/2012

haut de la page