“Türkmenistan düýn we şu gün” atly sergisiniň açylyş dabarasy « Fransuzlar Türkmenistanda XIX asyrda: hakyky we hyýaly başdan geçirmeler» atly konferensiýa [fr] [ru]

Türkmenistandaky Fransuz Instituty sizi 24-nji fewraldan 7-nji marta çenli gurnaljak “Türkmenistan düýn we şu gün” atly sergisine çagyrýar.

2018-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Fransuz Institutynda “Türkmenistan düýn we şu gün” atly sergisiniň açylyş dabarasy boldy.

Serginiň dowamynda partnýorymyz “Tartin” restorany tarapyndan gurnalan furşet dostlukly ýagdaýda geçdi we myhmanlar 1890-njy ýylda fransuz fotografy Pol Nadar tarapyndan we häzirkizaman türkmen fotografy Muhammet Amanmamedow tarapyndan düşürilen suratlar bilen tanyş boldular.

Tanymal fotograf Feliks Nadaryň oglunyň ak-gara suratlary XIX asyryň ahyryndaky Türkmenistan bilen tanyşdyrýar. Türkmen fotografy Muhammet Amanmamedowyň suratlarynda Türkmenistanyň diýseň täsin tebigatyny görüp bolýar.

Sergi 17-nji marta cenli dowam edýär.

3-nji martda sagat 15.00-da, serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň uly ylmy işgäri Juma Orazgylyjowyň gatnaşmagynda konferensiýa gurnalar.
« Fransuzlar Türkmenistanda XIX asyrda: hakyky we hyýaly başdan geçirmeler» ady bilen geçirilýän bu konferensiýa fransuz dilinde bolar we terjime edilmez.

Çap edilen 17/04/2018

Sahypanyň ýokarysy