Türkmenistanda fransuz wizany soramak

Türkmenistanda fransuz wizany soramak

Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza bermeýär.

France-visas – bu Size resminamalary jemlemegiň ähli tapgyrlarynda (namalar bukjasyny taýýarlamak, talap edilýän maglumatlary doldurmak we tabşyrmak, arzaňyzy barlap durmak) ýardam berýän we ähli zerur maglumatlary özünde jemleýän ýeketäk internet sahypa.

Size wiza gerekmi?

<span lang='fr'>France-visas - test assistant visa</span>wiza kömekçisiniň üsti bilen Siz, öz ýagdaýyňyza görä, Size wiza almak zerurlygyny kesgitlemekde we haýsy görnüşiniň gereklidigini anyklamakda ýardam berer. Ol Size arzaňyza haýsy tassyklaýjy namalaryň goşulmalydygyny hem görkezer.

Gysga möhletli wizalar (Şengen wizalary)

Fransiýa üçin gysga möhletli wizalaryna (möhleti üç aýdan az), ýagny Şengen wizalaryna degişli arzalary kabul etmek we şol wizalary bermek Aşgabatdaky Italiýanyň Ilçihanasynda amala aşyrylýar.

Tél : +993 12 368910
Ufficio Consolare e Visti

Beýleki wizalar

Türkmenistanda ýaşaýan ähli şahslar deňiz aňyrsyndaky etraplara we welaýatlara (DROM) hem-de deňiz aňyrsyndaky territoriýalara (CTOM) gysga möhletli wiza ýa-da Fransiýa uzak möhletli wiza (möhleti üç aýdan köp) almak üçin arzalaryny Fransiýanyň Stambuldaky Konsullygyna (Türkiýe) tabşyrmaly.

Türkmenistanda ýaşaýan şahslar üçin wiza almak boýunça Fransiýanyň Stambuldaky Konsullygynyň internet sahypasyndaky jikme-jik maglumatlar bilen tanyşyp bilersiňiz.
Dernière mise à jour le : 22 mai 2019
Retour en haut