Türkmenistandaky Fransuz Institutyna fransuz dilini öwrenmäge geliň !

Siz fransuz dilini öwrenmegi ýa-da fransuz dilini bilişiňizi gowulandyrmak isleýärsiňizmi ? ? Eger şeýle bolsa, fransuz dili kurslarynyň indiki sessiýasyna ýazylyp 1-nji sentýabrda Institutymyza bize geliň.

Türkmenistandaky Fransuz Institutynda, biziň ýerli we fransuz milletli fransuz dili mugallymlardan düzülen toparymyz döwrebap okuw kitaplarynyň we dürli pedagogik gollanmalaryň kömegi bilen sizi okatmak maksady bilen size garaşýar. Biziň ähli sapaklarymyz Umumy ýewropa diller dereje sistemasyna gabat gelýär A1 başlangyç derejesinden ýokary C1 derejesine çenli.

Hepde-de 2 gezek 1,5 sagatdan 17:00 bilen 21:00 aralykda ulular üçin sapaklar, şeýlede çagalar üçin sapaklar hepde-de 3 gezekden sapaklary hödürleýäris.

Şeýle hem biz isleg bildirýänler üçin, öz klaslarmyzda ýa-da öýdeindiwidual ýa-da kiçi toparlardaky sapaklaryhödürleýäris.

Biz 4-6 ýaş) has kiçi ýaşly çagalaryhem kabul edýäris, hepde-de bir gezekden, fransuz dilinde başlangyç sapak oýunlary.

Biz bilen fransuz dilini öwrenip, siz biziň kitaphanamyzdan we onuň kitap, DVD we CD disk kolleksiýalaryndan peýdalanyp bilersiňiz , olardan peýdalanmak bilen siz fransuz medeniýetini öwrenersiňiz. Şeýle hem siz Internetden peýdalanyp bilersiňiz.

Ýylyň soňunda, iýunda, ähli talyplar diplomlary Fransiýanyň Ýokary we milli bilim Ministrligi tarapyndan tassyklanan resmi synaglary tabşyrmaga mümkinçilik alýarlar : DELF (fransuz dili boýunça diplom) we DALF (fransuz dilini çuňňur öwrenme boýunça diplom).

Bahalar :

JPEG

Çap edilen 04/08/2015

Sahypanyň ýokarysy