Wizalar [fr] [ru]

Fransiýanyň diplomatik we konsullyk ulgamynyň täzeden guralmagynyň çäklerinde, Fransiýanyň Ilçihanasynyň wiza bölümi 2017-nji ýylyň iýul aýynyň 1-nde, şenbe güni, gutarnykly ýapyldy.

Şu seneden başlap, Fransiýa üçin wiza türkmen raýatlaryna, şeýle-de Türkmenistanda kanuny ýaşaýan üçinji ýurtlaryň raýatlaryna, aşakdaky tertipde beriler :

1/ Gysga möhletli şengen wizalar :
Bu etapda olar Fransiýa wekilçilik edýän Aşgabatdaky Italiýanyň Ilçihanasy tarapyndan berilýär.

2/ Uzak möhletli wizalar :
Olar Fransiýanyň Stambuldaky (Türkiýe) Baş konsullygy tarapyndan berilýär.
Isleg bildirýänler telefon üsti bilen VFS Global kompaniýanyň Wiza merkezine ýuz tutup, duşuşyga ýazylmalydyrlar, tel : +90 212 373 58 10 ýa-da +90 212 373 58 11 ýa-da elektron poçta info.frtr@vfshelpline.com.

Türkmenistandaky Fransiýanyň Ilçihanasy Şweýsariýa Konfederasiýasynyň we Çeh Respublikasynyň wekili hökmünde wiza bermegini hem goýdy.

Çap edilen 10/07/2017

Sahypanyň ýokarysy